Habarlar
Habarlar
1672d98a99c39b.jpeg
1 ýyl ozal
Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar

Bişkek 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň sanly paýtagty bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň Bişkekde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XI Sammitiniň mejlisindäki çykyşynyň dowamynda belli boldy.

1672d969591719.jpeg
1 ýyl ozal
Abu-Dabide Türkmenistanyň söwda, maýa goýum, işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum başlandy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forum öz işine başlady. Ol döwlet we işewür düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.

1672c564864b1d.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmentel-2024»: tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik

14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

1672c4fa86f78d.jpeg
1 ýyl ozal
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ taksi we mikroawtobuslar üçin sürüjileri işe kabul edýär

Türkmenistanyň iri ulag kompaniýasy «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ takside we mikroawtobuslarda işlemek üçin sürüjileri işe kabul edýändigini yglan edýär. Kompaniýa Toyota Corolla, Toyota Coaster we Toyota Hiace ulaglarynda sürüji bolup işlemekligi hödürleýär.

1673183d0edb51.jpeg
1 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

1672c522868e34.jpeg
1 ýyl ozal
"Deňiz söwda floty" ÝGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gämiler üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär:

1672c4b7363ba9.jpeg
1 ýyl ozal
TULM Türkiýeden Owganystana gumanitar kömek ýüklerini ugratmagy dowam edýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasyndan Owganystana gumanitar kömek ýüklerini yzygiderli ugratmagy dowam edýär we bu ugurda daşalýan ýükleriň möçberini gün-günden artdyrýar.

1672d9503878e8.jpeg
1 ýyl ozal
2024-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu hakykat ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen aýda geçirilen syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki köp sanly duşuşyklaryň, işewürlik gepleşikleriniň, sergileriň, maslahatlaryň, medeni çäreleriň mysalynda-da öz beýanyny tapdy.

1672c52ee337cf.jpeg
1 ýyl ozal
«Belet Film» mobil goşundysyny täzeledi

Türkmenistanyň öňdebaryjy onlaýn-kinoteatry bolan «Belet Film» mobil goşundysyndaky wideopleýeriň giňişleýin täzelenendigini mälim etdi. Işläp düzüjiler onuň ulanmak üçin aňsat bolmagyna uly üns bermek bilen, pleýeriň dizaýnyny we işleýşini dolulygyna gaýtadan işlediler.

1672c4850b8c4f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply nyrh meýilnamalaryny ornaşdyrmagy hem-de ýük daşamalarynyň häzirki wagtda hereket edýän nyrhlaryny uzaltmagy ylalaşdylar. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.