Arassaçylyk — saglygyň girewi

09-01-26

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýokary depginli ösüşler bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Şeýle ösüşi gazanmakda her bir raýatyň, ilki bilen, eziz Watanyna söýgüsiniň, halkyna we onuň geçmişine belent hormatynyň, ahlak terbiýesiniň, sowadynyň we biliminiň, bagtly durmuşa bolan okgunly isleginiň, ýetilen sepgide baha berip, ýetilmeli sepgitleri kesgitlemeginiň örän möhümdigini aýratyn nygtasymyz gelýär.

Türkmen halkynyň edim-gylymy arassaçylyga iňňän üns berýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen halkynyň mirasyna ser salsaň, şeýle häsiýeti her ädimde görmek bolýar. Şeýle häsiýetleriň jemlenmegi bilen, irki döwürlerde hem, olar dürli keselleriň ýaýramagyndan goranyp bilipdirler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşda ýaşaýan raýatlarymyz mirasyň şeýle mukaddes ýoluny dowam etdirmelidir. “Arassaçylyk saglygyň girewidir” — bu gyzyla gaplaýmaly sözleriň aňyrsynda uly many we jogapkärli işler ýatyr. Türkmeniň meşhur ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy:

Saglygyň gadryny bilgil,
Hassa bolmazdan burun

— diýip, adamzadyň ýaşaýşynda saglygy şeýle ýokary derejede häsiýetlendirýär. Saglyk üçin bolsa, ilkinji nobatda, arassaçylyk zerur.

Arassaçylyk kadalarynyň takyk ulgamyny döreden hem-de bu kadalaryň berk berjaý edilmegini gazanan ene-mamalarymyz gyz-gelinlerden öýüň her bir otagynyň, her bir burçunyň juda arassa bolmagyny talap edipdirler. Bu babatda olar aşhananyň, gap-gaçlaryň arassaçylygyna aýratyn üns beripdirler. Ene-mamalarymyz bu babatda gyzjagazlara ýaşlykdan aşhana baş açyk girmezligi, aşhanada çaý, nahar taýýarlanylanda diňe öňlükli bolmagy ündäpdirler. Çünki saçakda, gap-gaçda, käsede, tabakda saçyň we beýleki del zatlaryň görünmegini dürli keselleriň sebäpkäri hasaplap, beýle ýagdaýlary halamandyrlar. Ene-mamalarymyz düşen saçlaryň, ösgün dyrnaklaryň dürli keselleri döredip we ýaýradyp bilýändigine öz durmuş tejribeleriniň üsti bilen göz ýetiripdirler. Olar gyzlara çagalykdan kendirik, saçak, tamdyr keramatly üçlükdir, bu zatlary ösgün dyrnakly, hapa el bilen ellemek gadagan. Kendirigi eliňe almankaň dyrnaklaryň alnan, eliň sabynlanyp, gowy ýuwlan bolmaly, hamyr edilip bolunýança eliňi hamyr çanakdan çykarmaly däl, hamyr ýugrulyp bolunandan soňra eliňi we hamyr eden jamyňy ýuwman ýedi ädim ätmek günädir, hamyr edilip bolnandan soň, hamyr çanak ýuwlan suwy aýak basmaz ýaly ýere dökmeli diýen ýaly ençeme talaplary girizipdirler. Bu talaplar we gadaganlyklar barada oýlananymyzda olaryň aňyrsynda berk arassaçylyk düzgünleriň bolandygyna doly göz ýetirýäris.

Ynsan üçin saglykdan uly baýlyk ýok. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykdy, ýaşaýşymyza sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmak işi ählihalk işine öwrüldi. Ýurdumyzda yglan edilen “Saglyk” döwlet maksatnamanyň esasy özenini tutýan işleriň biri-de türkmen durmuşyna sagdyn durmuş ýörelgesini çuňňur ornaşdyrmakdyr. Ajaýyp döwrümizde täze keşbe girýän obalarymyza, şäherdir şäherçelerimize we etrap merkezimize bezeg berip oturan döwrebap hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri we sport toplumlary, mekdepler “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň miweleridir.

Lukman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan gözbaş alan “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, “Türkmenistan — melhemler mekany”, “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly kitaplary, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik eseri häzirki zaman lukmançylygyna gollanma bolup hyzmat edýär we ähli halkymyzyň esasy maslahatçysyna öwrüldi.

Il-günüň bagtyýar durmuşda sagdyn we uzak ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Maral GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

16a337ada189d0.jpeg
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.


16a3377c0d616a.jpeg
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.


16a3376cef337c.jpeg
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy

Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.


16a33734d326ea.jpeg
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip

17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.


16a32266cf15a6.png
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler

Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.