Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy

13-02-26

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde döwrebap ösdürilýär. Berkarar döwletimizde yzygider gurlup ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleri dünýäniň iň kämil innowasion enjamlary bilen üpjün edilip, olarda yhlasly zähmet çekýän lukmanlaryň ýokary hünär derejelerine eýe bolmagy milli saglygy goraýyş ulgamynyň uly üstünliklere ýetendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, derman senagatyny işjeň ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde halkara ykrarnama mynasyp bolan işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip taýýarlanan, saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek, raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy resminama bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artdy. Şu ýyl «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde saglygy goraýyş işgärlerine uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni uly ruhubelentlikde bellenilýär.

Paýtagtymyzdaky Halkara Kardiologiýa merkeziniň agzybir işgärleri dünýäde iň ösen derejeli saglyk merkezleriniň birinde zähmet çekip, hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge öz goşandyny goşýýarlar. Bu merkezde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalaryna laýyklykda ýürek-damar keselleriniň bejergisiniň we öňüni almagyň hiliniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.

Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň» tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.

Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emele gelýär. Bu keselde damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar. Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.

Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem, pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar.

Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr. Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň, petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde bardyr. Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär. 

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramaga aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanlyja ýyllaryň içinde Watanymyz dünýäniň iň ösen saglygy goraýyş ulgamly döwletleriniň hataryna goşuldy. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän saglyk merkezleri hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu desgalarda innowasion tehnologiýalaryň, dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, türkmen hünärmenleriniň dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde hünär taýýarlyklaryny geçmekleri ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, takyk anyklaýyş we bejergi işlerini geçirmäge, ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilikleri açýar.

Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Mubarak MYRATOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Ýürek-damar hirurgiýa okuwly gospital hirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.