MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY
03-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ynha, ýaňy-ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär.
Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähim-paýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr. Esasan hem, milli ruhumyzy kemala getiren gymmatlyklar, has takygy, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, milli aňyýet milli dünýägaraýyş hakynda okamak has-da täsirli bolup durýar. Bu watansöýüjiligi has-da belende göterýär, asylly ýörelgelere bolan sarpany artdyrýar, nusgawy edebiýat hakyndaky düşünjäni has-da baýlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaby akyldar şahyryň döredijilik dünýäsine düşünmäge aýdyň ýoldur, dury çeşmedir. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, akyldar şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan edebi mirasyny, gadymdan gelýän dilimiziň gymmatly baýlygyny çuňňur öwrenmekde nusgawy kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Taryhy uzak müňýyllyklardan gözbaş alýan halkymyzyň baý edebiýaty, dili hem-de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenmek, geçmişde ýaşap geçen parasatly akyldarlarymyzy dünýä ýaýmak asylly we beýik ýörelgedir.
Ajaýyp kitap nusgawy edebiýatymyzy, milli dilimiziň gymmatly baýlykdygyny çuňňurlygy bilen giňişleýin beýan edýär. Bu parasatly sözler akyldar şahyryň eserlerine akyl ýetirmek üçin hem, dünýä düşünmek üçin hem beýik pikirlerdir. Şonuň üçin hem şeýle parasatly sözlerden ugur alyp, şahyryň eserlerini wagyz etmek, ýaş nesillere ýetirmek biziň her birimiziň möhüm ugrumyz bolup durýar. Çünki akyldar şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli ýörelgeleri wagyz etmekde gymmatly çeşmedir.
Magtymgulynyň ajaýyp goşgularynda wagyz edilýän mertlik, watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk ýaly ugurlaryň terbiýeçilikde hem ähmiýetlidigini bellemelidiris. Beýik şahyryň şeýle goşgulary durmuş hakykatyndan, taryhy şahsyýetlerimiziň ýolundan beýan edilýär. Watan duýgusynyň şeýle inçeden we çuňňur beýan edilmegi taryhy mazmuna eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem şeýle goşgular nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, akyldaryň goşgularyny ýaşlara düşündirmek, aýdyp bermek, manysyny beýan etmek asylly ýörelgedir. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, döredijiliginiň täsiri bilen ençeme nesiller terbiýelenipdir. Bu terbiýe mekdebi halkymyzyň milli ýörelgesi bilen pugta baglanyşypdyr, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz, gadymy hem şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly kitaby nusgawy edebiýatymyzyň paýhas hazynasydyr. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.