TÜRKMENISTAN — SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY

25-12-25

Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz raýatlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri ugrunda yzygiderli alada edýär. Paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleridir saglyk öýleri, hassahanalardyr şypahanalar şol aladalaryň miweleridir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana bejeriş we sagaldyş dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyldy. Şeýle hem ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.

Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil  hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, keselleriň öňüni almak saglygy goraýşyň baş ugry bolup durýar.Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa,ilkinji nobatda,olaryň saglygynyň goralyşy we berkidilişi,ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň,köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýaýbaňlandyrylyşy bilen kesgitlenilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmegiň nusgalyk ýörelgesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu ulgamy ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar.Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär.

Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.

Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işi hem, beýleki eserleri ýaly, daşary ýurtlarda meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik eseri bütin dünýäniň okyjylarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Kitabyň nobatdaky, XVII jildiniň çap edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.

Sizi mukaddes hünäriňiziň şatlykly güni bolan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyzyň sag bolmagyny we ömrüňizi aýrylmaz görnüşde badaşdyran işiňizde uly üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris.

Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Güljan ATAJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.