PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGE ESASLANÝAN YNSANPERWER SYÝASAT
02-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Türkmen halky goňşy döwletler bilen dost-doganlyk hem-de deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Şu işleri türkmen döwleti dünýä döwletleridir halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanasynyň, ýurdumyzda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekilhanasynyň döredilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we işjeň amala aşyrmaga amatly şertleri döretdi.
Parahatçylyk söýüjilige esaslanýan aýdyň maksatlary, alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk hem-de ynanyşmak häzirki wagtda adamzada iňňän zerur bolup durýar, sebäbi biri-biri bilen baglanyşykly bu iki düşünje hyzmatdaşlygyň, ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şertidir. Ýurdumyz oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň, özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşýar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giňden makullanylýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Baky Bitarap Türkmenistanyň oňyn tekliplerinden ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde abadan durmuşyň dabaralanmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de oňyn başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmegi öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolan Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyz dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmek ýoluny saýlap aldy. Hut şonuň üçinem, Milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrundaky başlangyçlaryny has-da rowaçlandyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan asylly syýasatynyň esasy, möhüm ugurlarynyň biridir. Bu günki gün eziz Watanymyzda asylly ýörelgeler dowamata beslenip, ata-babalarymyzyň paýhasly pentlerine eýermek bilen, bütin adamzadyň abadan ýaşaýşy, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Goý, bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkäp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar günlerimiz dowamat-dowam bolsun!
Mubarak MURATOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ỳürek-damar hirurgiýasy okuwly gospital hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.