Habarlar
Habarlar
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi ätiýaçlyk şaýlary we enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Gudrat” tirkeg gämisi üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýar
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň Watanymyzy ösüşiň täze sepgitlerine ýetirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigini aýdyň görkezdi.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy bag nahallaryna ideg etmek boýunça tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Bäherden etrabynyň “Ýyly suw” şypahanasynyň günorta-gündogar tarapynda we Ahal welaýatynyň Ýangala obasynyň gündogar-günbatar tarapyndaky tokaý zolaklarynda ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Türkmenistan IFT 2025 Halkara maýa goýum forumyna taýýarlanýar
“Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň başlanmagyna biraz wagt galdy. Bu möhüm çäre 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçirilip, dürli ýurtlardan telekeçiligiň tanymal wekillerini, maýadarlary we ekseprtleri ýygnar.
Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Tähranda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar
Geçen hepde Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarýatynyň edara binasynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň dürli taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, YRHA habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
“REMEZAN DIÝERLER AÝYŇ ÝAGŞYSYN”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, Oraza baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip, jemgyýeti jebisleşdirýän, watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler guralýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.