Habarlar
Habarlar
Sagdyn durmuşyň ýörelgeleri
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurt Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýşy ylmy esasda guramaga uly ähmiýet berýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudagy
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ilatyň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Bu möhüm meselä hormatly Prezidentimiz ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde saglygy goraýyş ulgamy düýpli ösüşlere beslendi. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezlerinde keselleri anyklamak we ýokary derejede bejermek işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesi barha giňden ornaşýar.
Saglyk – ömrümiziň soltany
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasaty bilen has dabaralanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň eşretli we sapaly durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň işi düýpgöter täze derejelere çykdy.
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk
Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Filosofiýanyň ägirdi Platonyň sözi bilen aýtsak, saglyk hemme zat däl, emma hemme zat saglyksyz hiç zat. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
Bilimli ýaşlar — Watanyň daýanjy
Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Sagdyn iýmitleniň, sagdyn boluň!
Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmek gerek. Şol sebäpden adamlara dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitler möhüm bolup durýar. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
Saglyk - döwletimiziň baş baýlygy
Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar.
Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy
Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmäge zerur şertler bar. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli spartakiadalara köp sanly adamlaryň gatnaşmagy Diýarymyzda sporta uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Sagdyn iýmitiň ähmiýeti
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
Sagdyn iýmitlenmek - bagtyýar durmuş
Pasyl çalşygy we sepgit döwründe möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem aram-aram içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.