Habarlar
Habarlar
“Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ykdysady ähmiýeti
Russiýanyň ýük daşama bazarynyň ugrukdyryjylarynyň biri Holding Finance Broker ulag-logistika kompaniýasynyň baş direktory Tatýana Kulýabina 2025-nji ýylda logistika bazarynyň ösüşi barada RBK beren interwýusynda häzirki wagtda iň geljegi uly taslamanyň “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesidigini (HUG) belledi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
Sizi tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka söwda meýdançasyny gurmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralary çarşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirdiler. Onda türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, maglumat giňişliginde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meşhur köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli berkarar Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.
BELTA: Belstat 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy ulanar
Belarus Respublikasynyň Milli statistika baradaky komiteti (Belstat) 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy (EA) ulanmak meýilleri barada habar berdi.
BAE-niň awiakompaniýalary Remezan aýynda ýörite tagamlary hödürleýärler
Birleşen Arap Emirlikleriniň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.
«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlary sylaglamak dabarasy
7-nji martda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olaryň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.