Habarlar
Habarlar
Ahalteke bedewi – asyrlaryň buýsanjy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň täze ösüş belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň arasynda Ahalteke bedewi aýratyn orun tutýar. Bu täsin jandarlar diňe bir gözelligiň we çalasynlygyň nyşany bolman, eýsem türkmen ruhunyň, mertliginiň we döredijilik gämisiniň aýdyň beýanydyr.
Saglyk — bagtyň binýady
Häzirki döwürde jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adam saglygy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän uly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ýörelgesini dabaralandyrýar.
Dogry iýmitlenmek – uzak ýaşaýşyň kepili
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
Sagdyn ýörelge — sagdyn jemgyýet
Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär.
Ynsan saglygynyň goragynda
Sagdyn jemgyýet gülläp ösýän döwletiň daýanjy bolup durýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähime eýerilip, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejede ösdürilýär. Bu babatda 30 ýyl mundan ozal, lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna aýratyn orun degişlidir.
Saglyk — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy
Parahatçylykdan binýat bolan abadan durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň gymmaty ynsan saglygy, sagdynlygy bilen has-da artýar. Şu jähetden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlarymyzyň saglygynyň mäkäm goraglylygyny üpjün etmek, bu babatda ýokary hilli lukmançylyk-bejeriş, şypahana hyzmatlaryny hödürlemek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
“ÝÜWRÜK ATYŇ BAHASY BOLMAZ”
Biziň ýurdumyzda arzuwlar hasyl bolýar, päkize niýetler myrat tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyga eýe bolunmagy bilen, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belende göterildi. Bedew Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşleriniň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Saglyk - döwletimiziň baş baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, her bir ynsanyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly maksatlaryň birine öwrüldi.
BAGTYÝAR GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamynda täze mümkinçilikler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini mundan beýläk hem artdyrmak göz öňünde tutulýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.