Habarlar
Habarlar
BAHAR TEBIGATY HEM-DE YNSAN SAZLAŞYGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýalkymly günlerinde, ata Watanymyza pasyllaryň soltany Bahar gadam basdy. Bahar - bu diňe bir ýylyň pasly däl, eýsem, ol täzelenişiň, ruhy galkynyşyň we umumyadamzat bähbitli täze başlangyçlaryň nyşanydyr.
Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde zenanlaryň orny
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşilýär. Türkmenistan döwletimiziň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede giň goldaw tapýar.
DURMUŞYŇ JOGAPKÄRÇILIKLI BAŞLANGYJY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň her bir sahypasy täze ösüşler bilen ýazylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişler, ozaly bilen, başlangyç synp basgançagyndan gözbaş alýar. Emma başlangyç synpda sapak geçmek diňe bir programma laýyklykda sowat öwretmek däl-de, eýsem, çaganyň kemala gelip başlan “menligini” kämilleşdirmek, onuň içki dünýäsini owadan reňkler bilen bezemek sungatydyr.
Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşli gadamlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça köptaraply işler ylmy esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň sanly hyzmatlary
Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady güýji halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalar eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny ählitaraplaýyn goramaga, saglygy goraýyş ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Saglygy goraýyşda emeli aňyň orny
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
GEÇMIŞI ŞÖHRATLY TÜRKMEN TOPRAGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
Sagdyn ýörelge — sagdyn jemgyýet
Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde edilýän aladalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orna eýedigini aýdyň görkezýär.
MILLI ENE DILIMIZ – BAÝ RUHY HAZYNAMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy barha kämilleşdirilýär we döwrebap usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilim derejesini ösdürmäge, olary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurt möçberinde uly işler durmuşa geçirilýär.
Raýatlaryň saglygy – döwletiň gymmatly baýlygy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.