Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
Size şu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de forumyň işine üstünlik arzuw edýärin. Şu ýere daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek zerurdyr
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistandan Owganystana, ondan aňryk Pakistanyň portlaryna barýan demir ýoluň gurluşygyny we bu işde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Hazar logistika» kompaniýasy hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazananlary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
Täjigistanda GDA-nyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanýar
Täjigistanda ýurduñ Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiñ çäklerinde Arkalaşygyñ multimodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmagyň strategiýasy işläp taýýarlanyp başlandy.
2024: Türkmenistan bilen Gruziýanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $80 milliondan geçdi
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşyk $80 milliondan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.
Aşgabatda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi
Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr
19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegine üç ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegini dowam etdirýär.
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 80 million dollardan gowrak boldy
Gruziýanyň Milli statistika gullugy (Geostat) 2024-nji ýylda Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy baradaky maglumatlary çap etdi. Türkmenistandan Gruziýa edilen importyň mukdary 58,09 million ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy, Gruziýanyň Türkmenistana eksporty bolsa 22,9 million ABŞ-nyň dollaryna ýetdi – diýip, Trend neşiri habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.