Habarlar
Habarlar
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşdy. Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
22-nji martda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.
2024-nji ýylda ýük ugradyjylaryň köpüsi ýüklerini otlyda däl-de, ýük awtoulagynda ibermek kararyna geldiler
Russiýanyň «Rosstat» gullugynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Russiýada ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň umumy möçberi 5,5% ýokarlanyp, 9,4 milliard tonna ýetdi. Şol bir wagtyň özünde demir ýol arkaly ýük daşamak 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% azaldy we 1,19 milliard tonna, ýol ulaglary bilen bolsa 8,3% ýokarlanyp, 7 milliard tonna çenli azaldy.
Hytaýyň ulaga ýük ýüklemeleri 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 4,8% ýokarlandy
Hytaýyň Milli statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, Hytaýda ulaga ýüklenip iberilýän ýükleriniň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 7,66 milliard tonna bolanlygynda, ol 2025-nji ýylyň ilkinji iki aýynda 8 milliard tonna (geçen ýyl bilen deňeşdirilende +4,8%) boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
22-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasy
Baş Assambleýa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 50/80 A belgili hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamalaryna salgylanyp,
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.