“REMEZAN DIÝERLER AÝYŇ ÝAGŞYSYN”
11-03-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, Oraza baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip, jemgyýeti jebisleşdirýän, watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler guralýar. Metjitlerde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hem-de parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk ýaly ýörelgelerimizi artdyrmagyň bähbidine, milli agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkitmegiň hatyrasyna doga-dilegler edilýär.
Hawa, niýet edilip, arzuwlanyp garaşylan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” Remezan aýy hem ýetip geldi. Ulyny-kiçini begendirip, buşlanylyp gelýän Remezan nähili aý? Türkmen haýsy bir zada gutarnykly baha berjek bolanda, hemişe-de Magtymguludan delil agtarýar, tutarykly setir gözleýär. “Remezan diýerler aýyň ýagşysyn”. Mizemez we aýdyň delilleri bolmasa, Magtymguly atamyz bu aý barada şeýle diýermidi? Remezan aýynyň her güni mübärek hasap edilýär. Ýöne Gadyr gijesiniň mertebesi olaryň ählisinden hem belent hasap edilýär. Bu gijäniň “Gadyr gijesi” diýlip atlandyrylmagy bilen şol gijede aýratyn bir gadyrlylygyň bardygy nygtalýar we onuň manysy aýdyň açylyp görkezilýär.
Ýurdumyzda her ýyl Oraza aýynda Gadyr gijesi mynasybetli ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, toba edip, eden etmişlerine ökünýän ýüzlerçe raýatlary tussaglykdan boşadýar. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary netijesinde milli däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olara uly hormat goýýar, bu bolsa türkmeniň öz köklerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, dini we dünýewi dessurlaryň täze mazmun bilen baýlaşmagy netijesinde jemgyýetimiz hem-metaraplaýyn sazlaşykly ösýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň baş maksadymyz jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny hem-de ahlak kämilligini, ruhy-medeni mirasa sarpa goýulmagyny, ajaýyp milli ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilmegini üpjün etmekdir. Türkmenler - parasatly, sahy, päk ýürekli, zähmetsöýer, güler ýüzli, dostlukly halk bolup, oňa ruhy tämizlik, milli buýsanç, kömege mätäç bolanlara rehimlilik ýaly belent duýgular mahsusdyr. Türkmen halkynyň bu häsiýetli aýratynlyklary mukaddes Oraza baýramynda öz beýanyny tapyp, ol adamlary asylly işleri amal etmäge, ata Watanymyzyň bähbidine täze belent maksatlary gazanmaga ruhlandyrýar.
Adamyň maddy mümkinçilikleri bilen aň kämilliginiň sazlaşygy, ruhy islegleriniň ykrar edilen däp-dessurlara we ynsançylyk kadalaryna laýyk gelmegi - bular hemme döwürlerde-de hakyky bagtyýarlygyň we kämilligiň özeninde duran talaplar. Remezan aýyny hem-de Oraza ybadatyny diňe bir agyz beklenýän döwür hasap etmek bärden gaýdyldygy bolar. Bu döwre beden we ruhy taýdan päkleniş, ýaramaz närselerden, endiklerden we pikirlerden saplanyş, nebis bilen söweş, ýeňişlere buýsanç möwsümi saýmak ýerlikli bolar. Oraza adamy nebsiň isleglerinden we arzuwlaryndan, maddy hyrslardan goramaga, onuň mertebesini beýgeltmäge gönükdirilen ybadatdyr.
Adamlary päkizelige, sahawatlylyga, agzybirlige çagyryjy Oraza ybadatyna girişen ildeşlerimize bu parzlaryny kanagat we sabyr bilen berjaý etmeklerini arzuwlaýarys. Olar Beýik Biribardan Watanymyzyň we il-günüň abadanlygyny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan saglygyny, mukaddes Remezan aýynyň dowamynda şatlykly wakalaryň kän bolmagyny dileg edýärler. Mukaddes Remezan aýynda tutjak orazalaryňyz, ýurt abadançylygynyň, her bir öý-ojagyň bagtyýarlygynyň, döwletiň kuwwatlylygynyň hatyrasyna etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!
Bagtyýar HAMRAÝEW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.