Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

Abu Aly Ibn Sina – görnükli alym we lukman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz, alymlarymyz, şahyrlarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukmany Abu Aly Ibn Sina hem şöhratly taryhymyzyň ady belli şahsyýetlerinden biridir.

DÖWREBAP USULLAR ESASYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK
Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar.

ÖSÜŞLERE ÝARANDYR HALK BÄHBITLI ÝOLUMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr.

Esasy Kanunymyz – parahatçylygyň beýany
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar.

ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE MILLI ÝÖRELGELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär.

ŞÖHRATLY GEÇMIŞE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy.

Oba hojalygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alnyp barylýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir.

Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda barha rowaç alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar.

Oba hojalygyň durnukly ösüşi - azyk bolçulygynyň wajyp şerti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellärliklidir.
Tebygy derman serişdesi
Ary baly azyk önümi we tebygy derman serişdesidir. Ary balynyň düziminde adam saglygyna peýdaly birnäçe witaminler bar. Şonuň üçin adamlar balçylyk bilen gadymy döwürlerden bäri meşgurlanýar. Ilatymyzyň hem ary balyna bolan islegleri juda uly. Çünki ary baly ýokumly we siňňitli iýmit hasaplanýar. Halk lukmançylygynda hem ynsan saglygyny berkitmekde öziniň täsin tebygy häsiýetleri bilen tapawutlanýan ary balyna aýratyn ähmiýet berilýär.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.