Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan

Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy
Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr.

ÝAŞLAR - WATANYŇ GELJEGI
Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir.

PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna, edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.

“GYZ EDEBI - IL EDEBI”
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir.

ARKADAG ŞÄHERI - “AKYLLY” ŞÄHER KONSEPSIÝASYNYŇ MILLI NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri diýlip atlandyrylan täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän beýik işler, ýetilýän belent üstünlikler halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ýurt bähbitli işlere, ýurdumyzyň mundan buýana hem ösüşlerine uly ähmiýet berýär.

Beýik söz ussadynyň ebedi sarpasy
Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.

Abu Aly ibn Sina - Gündogaryň beýik şahsyýeti
Ynsan özüniň ýaşan döwründe dürli ýarawsyzlyklara, kesellere duş gelýär. Her bir adam öz saglygy barada yzygiderli aladalanmasa, saglygynyň gowşap, her hili derdi-belalaryň janyna talaň salýanlygyny soň bilip galýar.

Abu Aly Ibn Sina – görnükli alym we lukman
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz, alymlarymyz, şahyrlarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukmany Abu Aly Ibn Sina hem şöhratly taryhymyzyň ady belli şahsyýetlerinden biridir.

DÖWREBAP USULLAR ESASYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK
Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar.

ÖSÜŞLERE ÝARANDYR HALK BÄHBITLI ÝOLUMYZ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.