Agaçlar dünýäsiniň täsinlikleri
27-05-23
Agaçlar planetanyň iň güýçli tebigy baýlygy we şol bir wagtyň özünde iň uly janly organizmleriň biridir. Olar diňe bir kömürturşy gazyny siňdirip, atmosferany arassalaman, eýsem, görnüşlerine garamazdan ýiti we täsirli durmuşda ýaşaýarlar. Agaçlaryň täsinlikleri baradaky dykgatyňyza ýetirmek islän maglumatlarymyz siziň üçin gyzykly bolsa gerek:
- Agaçlar möhüm organlary bolan ähli organizmlerden has uzak ýaşaýarlar.
- Alymlaryň gözlegleri ýaşynyň ulalmagy bilen agaçlaryň köpüsiniň has çalt ösüp başlaýandygyny görkezýär.
- Bir agaç bir ýylda 113 kg kislorod berip bilýär. Şeýlelikde, iki agaç dört maşgalany bir ýyllap kislorod bilen üpjün etmäge ukyply.
- Berýoza agajy her ýyl bir million mukdarda tohum öndürip bilýär.
- Ýer ýüzündäki iň haýal ösýän agaç Kanadadaky Kedr agajy bolup, onuň soňky 115 ýylyň içinde ösüşi bary-ýogy 10 sm deňdir. Pawloniýa atly ösümlik bolsa dünýäniň iň çalt ösýän agajy hasaplanýar.
- Iň howply daragt Florida we Karib deňziniň batgalyklarynda ösýär. Onuň şiresi derä düşen ýagdaýynda ýanma peýda bolýar. Göz bilen görüşiň doly ýitmegine sebäp bolup bilýär.
- Şäher şertlerinde agaçlar 8 ýyl ýaşap bilýärler. Tebigy şertlerde bolsa, armyt 300 ýyl, alma agajy 200, Ýewropa sosnasy ýarym asyr töweregi, dub 1000 ýyla golaý ýaşaýar.
- Agaçlar üçin ýokumly maddalaryň aglabasy daşky gurşawdan alynýar. Olaryň Diňe 10%-i ýerden alynýar.
- Häzirki wagtda kanuny adalga hökmünde tanalýan “kod” sözi gadymy latyn dilinde “agaç bölegi” diýmegi aňladýar.
- Ortaça bir agaç ömrüniň dowamynda bir tonna kömürturşy gazyny siňdirýär.
Toplan Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.