Bitaraplyk ýörelgeleri
23-03-25
Parahat söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, goňşy we dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Asuda, abadan ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda asudalygy we parahatçylygy dörediji, goraýjy ýurt hökmünde özüni dünýäde äşdgär eden Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan Eziz Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamakda alyp barýan işleri ýer ýüzünde giňden dabaralanýar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň umumy mejlislerinde köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklaryň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasyna eýerip, täze beýik sepgitleri nazarlaýar.
Pena MARLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.