BITARAPLYK — BEÝIK GYMMATLYK
13-03-25
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip her bir işde öz halkyna daýanýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýar, halkymyz bagtyýar durmuşda döwran sürýär. Berkarar ýurdumyzyň täze taryhy döwri ösüşlere we özgertmelere beslenýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty diňe bir mähriban Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşlerine, halkymyzyň has-da bagtyýar ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwrüň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär.
Her bir işde öz halkyna daýanýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň düýp özeniniň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyndan ugur almagy, şeýle hem il-ýurt bähbitli işlere gönükdirilmegi şol ösüşleriň binýady bolup durýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen tutulýan tutumlar halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, üstünlikli amala aşyrylýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza 185 döwlet tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda çäksiz uly many-mazmun bar. Bu sözde halkyň erkanalygy, ýurduň özbaşdaklygy, milletiň öz ykbalynyň eýesidigi baradaky hakykat jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly: “Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr, parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr”.
Maral Hudaýnazarowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.