BITARAP DÖWLETIŇ YKDYSADY BAŞLANGYÇLARY

13-03-25

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiligini we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş  we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmagy dowam etmekden ybarat bolup durýar.

Häzir ykdysadyýetimiz batly depginde ösmegini dowam etdirýär. Ýurtda oňaýly maýa goýum ýagdaýy kemala geldi. Mundan başga-da pul-karz, daşary yurt pullary, maliýe we salgyt-býujeti ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin amala aşyrýan toplumlaýyn çärelerimiz hem uly ähmiýete eýe bolýar. Içerki bazaryň okgunly ösüşi we eksport önümlerine bolan isleg hem Türkmenistanyň ykdysady ösüşini güýçlendirýär.

Häzirki döwürde berkarar döwletimiz özüniň bu syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär, halkara bileleşiginiň öz üstüne alan borçnamalaryny berk berjaý edýär. Biz döwletiň alyp barýan syýasaty ykdysadyýetiň bähbitlerine hyzmat etmelidir diýen ýörelgä eýerýäris.

Saparmämmet Döwletsähedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.