NOWRUZ TÄZELENIŞIŇ WE GÖZELLIGIŇ BAÝRAMY
22-03-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna, täze ruhy öwüşginlere eýe bolýar. Bu günki gün umumadamzat medeniýetiniň dürdäne baýlygyna öwrülen Nowruz baýramynda ekerançylyk işlerine badalga bermek, halk döredijilik eserlerini, halk oýunlaryny ýerine ýetirmek, myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly bereketli toý saçagynyň bezegi bolan toý tagamlaryny taýýarlap, hödür-kerem etmek we beýleki milli ýörelgeler giňden dabaralanýar.
Gündogar senenamasy boýunça mart aýynyň 21-den 22-ne geçilmegi bilen gyş pasly tamamlanyp, gije-gündiziň ýazky deňleşýän döwri başlanýar. Şol günden beýläk gündiz uzalyp, ýagtylyk köpelip ugraýar. Bu pasylda daragtlar pyntyk ýaryp, ýaprak ýaýsa, gojaman daglar ak ýorganyny serpip, möwjäp akýan sil suwlary ene ýeriň süňňüne-süýegine ýaýraýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem il-ýurt ähmiýetli şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şu günler baglar gülläp, baýyrlar gök dona bürenýär, tebigat ajap keşbe girýär. Daýhan uly umyt bilen ýere tohum taşladylar. Ýurdumyzda Nowruz baýramy gadymdan bäri giňden bellenip gelinýär. Nowruzda gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz irki döwürlerde anyklapdyrlar. Bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Baharyň gelmegi bilen, joşgunly zähmetiň, döredijilikli işleriň möwsümi başlanýar.
Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse buz durmaz» ýaly pähimler her günüň, her paslyň özüne laýyk alamatyny kesgitleýär. Bahar baýramynda gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar, aýdyşyklary aýdypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Ýetginjekler at çapyp, göreş tutupdyrlar. Uly-kiçi hemmeler biri-birine gowy arzuwlary edipdirler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Ol gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda bellenilip geçilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem munuň şeýledigini ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Goý, berkarar Diýarymyzy bagy-bossanlygyň, gülzarlygyň Watanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sapargül MAMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.