Bag ekmek — ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant

05-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär.

Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji noýabrynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen bagly bolan şanly ýylymyzda ýurdumyzda 3 million düýp bag nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýatymyz boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Biziň döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine ägirt uly goşant goşup gelýär. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýp nahalyny oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýan gök zolaklary döretmekde, daşky gurşawyň abadançylygyny ygtybarly goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklaryny emele getiren ählihalk bag ekmegiň ýazky möwsümine her ýyl Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda badalga berilýär. Däp bolşy ýaly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşýarlar. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýylyň-ýylyna geçirilip durulmagy netijesinde ýurdumyzyň çäklerindäki tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňelýär. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň töweregindäki baýyrlaryň bagy-bossanlyga bürenip oturyşy göwünlere ganat berýär. Sähralyklarda Garagumuň şertlerine laýyk gelýän sazak, gandym, çerkez ýaly gyrymsy agaçlar ekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ekmek üçin saýlanylyp alynýan baglar ilki ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we daşky gurşawa oňyn täsir edýän baglara aýratyn üns berilýär. Gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär.

Şeýle sogaply işleriň yzygiderli dowam etdirilmegi, millionlarça agaç nahallarynyň ekilmegi diňe bir tebigatyň däl, eýsem, ynsan saglygynyň hem aladasydyr. Ine, geçen ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde bag nahallarynyň ekilendigini göz öňüne getireniňde-de, bu sogaply işleriň nesilleri tebigata bolan söýgi bilen terbiýelemegiň özboluşly mekdebidigi baradaky pikir seriňe dolýar.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen her ýylda badalga berilýän bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden ajaýyp döwletinde ýazlary gözelleşdirýän görkana baglaryň hatary barha artyp, ömürlere, döwürlere saýa salsyn!

Gözel HYDYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň assistenti.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.