Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Baýlygyň sakasy — saglyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň saglygyny goramaga, hil taýdan ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen täze häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamy emele geldi.
ERTIRLERIŇ MYNASYP EÝELERI BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygyndaky ýurdumyzda döwlet ähmiýetli we il-ýurt bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesilleriniň watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy görelde edinmeklerine gönükdirilendir.
TÜRKMEN BEDEWLERI — MILLI BUÝSANJYMYZ
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar.
Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň akyldar şahyry
Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr.
YLYM-BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY
Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar.
SANLY YKDYSADYÝET: ösüşiň innowasion ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistan örän çalt depginler bilen ilerleýän innowasion täzelikleri özleşdirmek arkaly, halk hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Häziri wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda degişli ugurda amala aşyrylýan işler üstünlikli dowam etdirilip, döwrebap çözgütler kabul edilýär.
KÄMIL BILIM - ÖSÜŞLERE BADALGA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr.
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DABARALANÝAR
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar.
BILIM — YLYM — ÖNÜMÇILIK
Arkadagly Serdarymyz ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi ýaşlary ylma çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Watanyň guwanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, döwletimiziň dünýä ýüzünde gazanan abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda Watanymyzyň ýaşlaryna hem uly orun degişlidir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.