Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
SANLY MÜMKINÇiLIKLERIŇ KANUNY BINÝADY BERKEÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap ösüşleri gazanmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.
ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER
Eziz Diýarymyzda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we hoşniýetli gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.
PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE YNANYŞMAGYŇ DABARALANMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.
Päk arzuwlar – ýaş kalplaryň hemrasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň bilim almagy, hünär edinmegi, zähmet çekmegi, dynç almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdigini, üstünlikleriň binýadydygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklap gelýär.
Ylym ulgamynda dörediji ýaşlaryň orny
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde döwletimiz bedew bady bilen gülläp ösýär. Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Magtymguly – beýik söz ussady
Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar.
SANLY YKDYSADYÝET – ROWAÇLYGYŇ ESASY ŞERTI
Döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr.
ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK UGRUNDA
Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň öz saýlap alan hünärlerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär.
NESIL TERBIÝESI - MÖHÜM WEZIPE
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Bilim – ýollarymyza şamçyrag
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyk ösdürildi. Göräýmäge, sanlyja ýyllar ýaly bolsa-da, bu ýyllarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Ýurt eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin okuw-terbiýeçilik işleri döwrebap alnyp barylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.