SANLY MÜMKINÇiLIKLERIŇ KANUNY BINÝADY BERKEÝÄR
21-02-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap ösüşleri gazanmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar.
Şu nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy biziň ýokarky sanap geçen Döwlet maksatnamalarymyzyň esasy bolmak bilen sanly mümkinçlikleriň kanuny binýadynyň berkeýändigini aýdyň görkezýär. Bu döwlet maksatnamasy ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagyň çaltlandyrylmagyny, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmäge ýardam etmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmeklik hem meýilleşdirilýär. Bu işleri durmuşa geçirmek babatynda Türkmenistanda ähli amatly mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda döwlet dolandyryş edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we "Elektron hökümet" ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda iň wajyp ädimleriň biri hem raýatlaryň hukuk maglumatlaryna elýeterliligini üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýty bolan minjust.gov.tm bu wezipäni amala aşyrmakda esasy sanly platforma bolup hyzmat edýär. Bu saýt diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýan döwrebap guraldyr. Saýt türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edip, ýurdumyzyň kanunçylygy, hukuk özgertmeleri we ministrligiň alyp barýan işleri baradaky maglumatlaryň halkara jemgyýetçiligine ýetirilmeginde möhüm orun tutýar. Ulanyjy üçin amatly görnüşi we düşnükli gurluşy bolan bu platforma, hukuk meseleleri bilen gyzyklanýan her bir raýat üçin “hukuk maslahatçysy” bolup durýar.
Saýtda maglumatlar birnäçe esasy bölümlere bölünip, olar ulanyjylara gerek bolan maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Bu bölümlerde esasan, edaranyň taryhy, wezipeleri, hukuk binýady we ýolbaşçy düzümi barada giňişleýin maglumatlar, ministrligiň gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikler, maslahatlar we hukuk bäsleşikleri baradaky maglumatlar yzygiderli täzelenip durýar. Şeýle hem, bu ýerde Türkmenistanyň kanunlarynyň, Hormatly Prezidentimiziň permanlarynyň we kararlarynyň sanly nusgalaryna elýeterlilik üpjün edilýär. Döwlet hyzmatlary barada gürrüň edilende raýatlar saýtyň üsti bilen dürli hukuk hyzmatlary, şol sanda notarial amallary, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we beýleki meseleler boýunça zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşyp bilerler. Şol bir wagtda degişli taraplara saýtyň üsti bilen edara görnüşli taraplaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin talap edilýän şertler we hukuk tertibi barada giňişleýin düşündirişler berilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.