Bilim – ýollarymyza şamçyrag

24-12-25

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyk ösdürildi. Göräýmäge, sanlyja ýyllar ýaly bolsa-da, bu ýyllarda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Ýurt eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň ata Watanymyza, halkymyza wepaly, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, dünýä ylmyndan hem-de häzirki zaman tehnikasyndan baş çykarýan, ruhubelent, gujurly, zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmekleri üçin okuw-terbiýeçilik işleri döwrebap alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan, dünýä ülňülerine laýyk edilip abzallaşdyrylan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň birnäçesiniň açylyp ulanylmaga berilmegi ýaşlaryň giň dünäýgaraýyşly, çuňňur bilimli, ýokary medeniýetli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin edilýän döwlet möçberindäki aladalarydygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan birinji synp okuwçylarynyň ählisine kompýuter sowgadyny bermegi körpe nesil üçin ýatdan çykmajak duýgy, ýatlama bolup durmuş sahypalaryna ýazylýar. Bu bolsa olaryň häzirki zaman tehniki serişdelerden baş çykarmaklaryna, döredijilik älemine kiçilikden ädim ätmeklerine uly itergi berýär. Bilim ulgamynda ylmyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň, kompýuter we multimediýa serişdeleriniň, interaktiw tagtanyň, lingafon enjamlarynyň, internet ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň dowam etdirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini subut edýär. Ýurdumyzda 12 ýyllyk orta bilime we sanly bilim ulgamyna geçmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwür ösýär, jemgyýet özgerýär. Şu nukdaýnazardan kanunçylyk binýadymyzda hem özgertmeler geçirilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň “Bilim” kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň bilime we döredijilige höweslerini artdyrmak maksady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders we taslama–döredijilik bäsleşikleriniň, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil” zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, okuwçylarymyzyň halkara internet bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna uly mümkinçilikleriň döredilmegi biziň bilim binýadymyzyň dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.  

Ýurdumyzda  sanly ykdysadyýetiň we sanly bilim ulgamynyň ösdürilýän döwründe bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär, sanly serişdeler giňden peýdalanylýar, bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar.  Milli bilim binýadymyzyň berkden bolmagy we dünýä bilen aýakdaş gitmegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrýär. Bu ýerde ata-babalarymyzdan gelýän çaga terbiýelemek we oglan okatmak tejribeleriniň bilim ulgamynda utgaşdyrylyp alnyp barylýandygy bellärliklidir.

Geçmiş taryhymyzda biziň topraklarymyzda ylym-bilim merkezleri bolupdyr. Günbatar bilen Gündogar aralygynda ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolundan gatnaýan kerwenler arkaly birnäçe bilim-ylma hormat goýan we ömrüni oňa sarp eden alymlar hut biziň ýerlerimize gelip beýik ulama bolup ýetişipdirler. Merwde, Gürgençde (Köneürgenç) ylmy merkezler işläp, birnäçe dünýä alymlaryny taýýarlapdyr. Dünýä belli ensiklopedik alymlar Al Horezmi, Abu Aly Ibn Sina, Jürjany, Zamahşary we ş.m. görnükli alymlar biziň ýerlerimizde ylmy döredijiligini ösdüripdirler. Beýik Seljuklar, Horezmşalar-Köneürgenç döwletleri zamanynda dünýäde ösen ylmy merkezler işläpdir. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik pedagoglaryň, ägirtleriň kemala gelen topragynda bu gün hem bilim-ylma giň ýol açyldy. Ýaşlarymyzyň ylmy dünýägaraýyşlarynyň ösdürilmegi, ylym, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin uly mümkinçilikleriň açylmagy, şeýle hem internet ulgamy, polat we howa ýollary arkaly jahanyň çar künjegi bilen bilim-ylym, ykdysady aragatnaşygymyzyň ösdürilmegi, ýurdumyzda halkara ylmy maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde mynasyp ornunyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.