Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
Baglar bezegidir abadan durmuşyň
Bag — gözellik. Ol töwerege gözellik goşmak bilen, howanyň tämizligine oňaýly täsirini ýetirýär. Bag ekilen ýaşyl zolaklar arassa, tämiz howa gurşawuny emele getirýär. Bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Tebigatymyzyň abadançylygy ugrunda
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda ekologiýa syýasaty mynasyp orun tutýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan serişdeleriň galyndysyz peýdalanylmagyny gazanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenýär.
Saglyk – ýurduň abatlygy
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurt Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýşy ylmy esasda guramaga uly ähmiýet berýär.
Saglyk — ynsan üçin iň gymmatly baýlyk
Durmuşyň hözirini görüp, emin-erkana ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek üçin ynsana, ilkinji nobatda, jan saglyk gerek. Şu ýörelgeden ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär.
SANLY BILIM — TÄZE YLYM
Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar milli Liderimiziň döwlet Baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.
SPORT PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sport halkymyzyň gujur-gaýratyny, gözelligini hem-de sagdynlygyny özünde jemleýän durmuşymyzyň bezegine, ruhubelentligimiziň we beden taýdan kämilligimiziň nyşanyna, halklary dostluga, doganlyga çagyryjy şygara öwrülýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň durmuş ýörelgesi hem-de göreldesi biziň her bizimiz üçin nusga alarlyk ajaýyp mekdepdir.
Ýaş nesillere terbiýe bermekde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti
Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.
Aziýanyň merjen şäheri
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti eziz Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyz Aşgabadyň örän çalt depginlerdäki ösüşinde has-da aýdyň duýulýar. Ýurdumyzy ösdürmek babatdaky toplanylan oňyn tejribe häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Hünärli ýaşlar — aýdyň geljek
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda sözlän taryhy çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip, jaýdar belledi.
Azyk bolçulygynyň binýady pugtalanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrlan giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny hem gurşap aldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.