SANLY BILIM — TÄZE YLYM
24-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Gahryman Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, arassa ahlakly hünärmenleri taýýarlamakda uly aladalar edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdeplerimizde ýaşlara ýokary bilim bermek üçin döwrebap innowasion okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly sapaklary interaktiw usulda geçirmek mümkinçiligini döredýär. Munuň özi okuw işlerine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Mugallymlara we talyplara düýpli barlaglary, içgin ylym synaglary geçirmäge has giň mümkinçilikler döredilýär. Bilşimiz ýaly, şu günki durmuşymyzy innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly bilimi ösdürmek talyplara has çuňňur bilimlerini ýokarlandyrmak, täze okuw endiklerini we innowasion enjamlary öwretmek, talybyň bilim derejesini, okuwa höwesini artdyrmaga uly ýardam berýär.
Häzirki wagtda ähli bilim ojaklarynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykda sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, dersler boýunça döwrebap elektron toplumlary, elektron okuw kitaplary, okuw görkezme esbaplary, okuw sapaklaryna degişli wideo şekilli görnüşler döredip talyplara ýetirmek işi dowam edýär. Ýokary okuw mekdebimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça yzygiderli bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi ýokary bilim ulgamynda ylmyň sanly tehnologiýa esasynda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen bilim ulgamyndaky özgertmeler has-da kuwwatlanyp, mugallymçylyk işine talyplaryň, geljekki ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler täze mazmuna eýe bolýar. Jemgyýetimizde ýokary bilimli, hünärli talyp ýaşlary ýetişdirmek meselesini üstünlikli amal etmek hem bilim işgärleriň mukaddes borjy bolup durýar. Şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň sakasynda milli Liderimiziň bimöçber aladalary durýar.
Hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň kämil bilim almagy, ösen tehnologiýa enjamlaryndan dogry we dürs baş çykaryp, bilim bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.