Saglyk – ýurduň abatlygy
30-04-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak meseleleri döwlet hem-de şahsy häsiýetli ileri tutulýan derejelere geçip, durmuş-ykdysady ösüşiň hemme taraplaryny we ugurlaryny gurşap alýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini öňe sürüp, röwşen ertirimiz üçin irginsiz zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de neşe we beýleki zyýanly serişdeleri ulanmagyň öňüni almaga gönükdirlen toplumlaýyn çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň bagtyýar geljegini gurmakdan, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgelerine eýertmek bilen, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmäge ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýşy ylmy esasda guramaga uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä belli lukman, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi hökmünde lukmançylyk ylmyna saldamly goşant goşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzda ynsan saglygyny goraýan, bejerýän, adam bedenini gurplandyrýan dermanlyk ösümlikleri näçe diýseň bar. Bedenimizde yssy, sowuga hem dürli kesellere garşy baý immunitet ulgamyny döretmekde dermanlyk ösümlikleri ýerlikli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köp jiltli atly ylmy-ensiklopedik eserinde türkmen tebigatynda ösýän ösümlikleriň melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýokanç keselleri bejermekde dermanlyk ösümlikleriň içinde üzärligiň peýdasynyň has köpdügini, onuň tüssesiniň bakteriýalary we mikroblary ýok edýändiginiň ylmy nukdaýnazardan subut edilendigini nygtaýar. Şeýle-de buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de on iki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýändigini aýdyp, bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplary gönüden-göni ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak meselesine bagyşlanandyr. Halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.