Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
16406cc1c4b58c.jpeg
1 ýyl ozal
Gahrymanlar unudylmaýar

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar.

1694be556365a1.jpeg
5 aý ozal
«SAGLYK» DÖWLET MAKSATNAMASY ŞÖHRATLANÝAR

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlar toýlara ulaşýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen birlikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine  hem  30 ýyl  dolýar.

168f3abe0227a9.jpeg
5 aý ozal
SAGLYK — ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramaklykdan ybaratdyr. Dogry iýmitlenmek sagdyn ýaşamagyň girewi bolmak bilen, lukmanlar dogry iýmitlenmek düzgünleriniň berk berjaý edilmegi esasynda adamyň dürli kesellerden goranmaga, ruhubelent ýaşamaga bolan ukybynyň juda ýokary bolýandygyny belleýärler.

1680a17e578ecc.jpeg
5 aý ozal
KÄMIL BILIM – ÖSÜŞE TARAP ÄDIM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär. Ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

1694e72988d5ed.jpeg
5 aý ozal
Kämil ýaşlary kemala getirmekde sanly bilim portalynyň orny

Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy.

162624ba63086e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň buýsanjy ahalteke bedewler

Milli mirasymyzy, ruhy-medeni baýlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler taryhy gymmatlyklarymyza söýgiňi, buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bagtyýar halkymyz bu gün ýene bir şanly senäni — Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan toýlaýar. Halkyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri dünýäde çapuw atlaryň tohumlarynyň arasynda iň naýbaşylaryň biri hasaplanýar.

1680880bdbc452.jpeg
1 ýyl ozal
Ganatly bedewler

Türkmen dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir. 

168087f0a4cf65.jpeg
7 aý ozal
PARAHATÇYLYK — ÖSÜŞLERIŇ ÖZENI

Berkarar Watanymyzda her ýyly döwrüň belent ruhuna kybap gelýän şygar bilen dabaralandyrmak däbine eýerilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda şeýlede ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi eziz Diýarymyzda döwletli ýörelgeleriň dowamata beslenýändiginiň nyşanydyr.

167a4512728f81.jpeg
7 aý ozal
MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek.

167d7aac899a53.jpeg
2 aý ozal
Änew medeniýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň kämilleşmegi, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ençeme täze kitaplaryň neşir edilmegi, kitaphanalaryň açylmagy, bar bolan kitaphanalaryň kitap gorlarynyň hem çap edilen kitaplar we elektron kitaplar arkaly üstüniň ýetirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginden habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.