Sanly ykdysadyýetde tehnologik özgertmeler

06-12-25

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän «Türk­me­nistan­da 2026 — 2028-nji ýyl­lar­da san­ly ykdy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy” ýur­du­my­zyň teh­no­lo­gi­k taý­dan dur­nuk­ly ösü­şi­niň mö­hüm gu­ra­ly­dyr. Şeý­le­lik­de, ýer­li se­riş­de­le­r we önüm­çi­lik kuw­wat­lykla­ry esa­syn­da yk­dy­sa­dy ösüş yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýär. Äh­li pu­dak­la­ra hä­zir­ki za­manyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­rylma­gy ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri­dir.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, in­no­wa­si­ýa­lar di­ňe bir teh­no­lo­gi­ýala­ry or­naş­dyr­ma­ga däl, eý­sem, äh­li ugurla­ryň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na esas­lan­ýar. Mu­nuň özi mil­li yk­dy­sa­dy­ýetiň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­niň esa­sy ugru­ny kes­git­le­ýär. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan oý­la­nyşyk­ly, giň ge­rim­li döw­let sy­ýa­sa­ty bi­len bag­ly­lyk­da, bu ul­ga­my düz­gün­leş­dir­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da “Aragat­na­şyk ha­kyn­da”, “Türk­me­nis­tan­da In­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net hyzmat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­günleş­dir­mek ha­kyn­da”, “Mag­lu­mat we onuň go­rag­ly­ly­gy ha­kyn­da”, “Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da”, “Elekt­ron res­mi­na­ma, elektron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy we san­ly hyzmat­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nunla­ry­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň iş­jeň or­naş­dy­rylma­gy bu ugur­da ýo­ka­ry de­re­je­li, öz hü­närin­den kä­mil baş çy­kar­ýan hü­när­men­le­riň taý­ýar­ly­gy­na bo­lan mö­hüm ta­la­by hem öňe çy­kar­ýar.

Tä­ze teh­no­lo­gi­ýala­ryň öz­leş­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz dün­ýä­niň san­ly gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyşýar, hal­ka­ra ba­zar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­lik­ler işe gi­ri­zil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dör­dün­ji se­na­gat rewol­ýu­si­ýa­sy eý­ýa­myn­da ýaş­la­ry­my­zyň in­no­wa­si­on bar­lag­la­ra iş­jeň gat­naş­ma­lydy­gy, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry dö­ret­me­li­di­gi ha­kyn­da­ky sar­gyt­la­ryn­dan ugur al­nyp, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­miz­de ola­ryň san­ly in­no­wa­si­ýa­lar dün­ýä­sin­de kä­mil­leş­mek­leri­ne giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ýerde «San­ly çöz­güt — IT meý­dan­ça» ho­jalyk jem­gy­ýe­ti he­re­ket ed­ýär. Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry, ta­lyp­la­ry, ýaş alymla­ry hem-de ýaş hü­när­men­le­ri bu ýer­de in­no­wa­si­on şä­her, san­ly bi­lim, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my, mag­lu­mat hem-de kiber­howp­suz­lyk ugur­la­ry bo­ýun­ça program­ma üp­jün­çi­lik­le­ri­dir tas­la­ma­la­ryň üstün­de iş­le­ýär­ler. «Türk­me­nis­tan­da 2026 — 2028-nji ýyl­larda san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de al­nyp ba­rylýan iş­le­riň der­wa­ýys­ly­gy­na, ide­ýa­sy­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy­na, teh­no­lo­gik çöz­gü­di­ne, in­no­wa­si­on tä­ze­çil­li­gi­ne we beý­le­ki aý­ratyn­lyk­la­ry­na äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak­da, mag­lumat mer­kez­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­de, «akyl­ly» şä­her bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­nolo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mek­de ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­na mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­leýär. Şun­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mugal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne iş­jeň gat­naş­ma­ly­dyk­la­ry­ny, ola­ryň yl­my iş­le­ri­ni peý­da­lan­mak üçin zerur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da amala aşy­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­rin­de, bi­lim ulga­myn­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pudak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň ulan­mak, hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­zanan­la­ry­ny öz­leş­dir­mek we tä­ze­çil usul­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça giň möç­ber­li çä­reler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zin­de, äh­li ýer­ler­de di­ýen ýa­ly «akyl­ly» şä­her­ kon­sep­si­ýa­syna aýratyn üns be­ril­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň «E-mek­dep», «On­laýn mar­ket», «Wir­tual hi­mi­ýa tej­ri­be­ha­na­sy», «Elekt­ron test ul­ga­my», «Ze­hin­li­je», «Bi­na­la­ryň 3D görnüş­li şe­ki­li», «In­te­rak­tiw ki­tap», «Yl­ham se­ýil­gä­hi­ne wir­tu­al sy­ýa­hat», «Aş­ga­bat şä­he­ri­niň aw­to­bus ugur­la­ry», «Aw­to­matlaş­dy­ry­lan aw­to­du­ral­ga», «Akyl­ly» öý ulga­my», «Inno­wa­si­on şä­her­de AI tas­la­mala­ry­ny or­naş­dyr­mak», «Wi­deo ýaz­gy­la­ryň kö­me­gi bi­len şah­sy­ýet­ler ba­ra­da mag­lumat al­mak», «On­laýn gör­nüş­de «Bi­lim» žur­na­ly­na abu­na ýa­zyl­mak», «Ça­ga­lar bag­la­ry­na on­laýn res­mi­na­ma tab­şyr­mak», «Ça­ga­la­ra 4 dil­de elip­biý öw­ret­mek», «Kafe», «Dün­ýä dil­le­ri­ni öw­re­di­ji prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi», «Söw­da we hyz­mat­lar ul­gamy­ny aw­to­mat­laş­dyr­mak», «Tiz kö­mek» ul­ga­my», «Elekt­ron ha­sa­bat ýö­ret­mek üçin prog­ram­ma», «Mag­lu­mat­lar», «Reýting prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi» ýa­ly tas­la­mala­ry yh­las­ly göz­leg­le­riň mi­we­si­dir. Şu­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, ins­ti­tu­ty­myz­da ta­lyp ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­karlan­dyr­mak, ta­lyp­la­ry yl­my we tas­la­ma işle­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge çek­mek, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry okuw iş­le­ri­ne giň­den or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Bi­lim oja­gy­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan yl­my-bar­lag iş­le­ri ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly­laş­dyr­mak, mag­lumat ul­gam­la­ry­ny ne­ti­je­li do­lan­dyr­mak, olaryň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­ly dür­li me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Giň göz­ýe­tim­li, Wa­ta­na we­pa­ly ýaş­lary ýe­tiş­dir­mek­de döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.