Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK HEM-DE HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar. Türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir.
il saglygy — ýurt baýlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen sportunyň uly ösüşlere eýe bolýan, dünýä ýol salýan döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň eýe eden şu ajaýyp döwründe gurlan we gurulýan sport desgalary, stadionlar, aýlawlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary ýurdumyzyň şäherleridir obalarynyň bezegine öwrüldi.
ENE DILIM – PEDERLERDEN SERPAÝYM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar.
MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiziň beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymlydyr. Esasan hem, milli medeniýetimizi we nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň oňyn özgertmeleri
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki ugurdaş maksatnamalardyr taslamalar yzygiderli amala aşyrylyp, degişli düzümiň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzyň çar künjeginde ýokary halkara ölçegleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, bejeriş-şypahana, sport düzümleriniň desgalary guruldy we gurluşyklary dowam edýär.
SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işlere badalga berýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly wajyp wezipeleri öňe sürmegi, bu öňdebaryjy ugruň ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna mümkinçilik berer.
Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlygynda başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ynamly dowam etdirilýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde döwrebap ösdürilýär.
PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGE ESASLANÝAN YNSANPERWER SYÝASAT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara dostlukly hyzmatdaşlyga esaslanýan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Bilimiň binýady — ýurduň kuwwaty
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň esasynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan maksatlara üstünlikli ýetilýär.
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek — Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan innowasiýalar we özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilikli başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.