Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant
04-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji noýabrynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýatymyz boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Biziň döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine ägirt uly goşant goşup gelýär. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýan gök zolaklary döretmekde, daşky gurşawyň abadançylygyny ygtybarly goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklaryny emele getiren ählihalk bag ekmegiň ýazky möwsümine her ýyl Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda badalga berilýär. Şu ýyl bolsa 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşarlar. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýylyň-ýylyna geçirilip durulmagy netijesinde ýurdumyzyň çäklerindäki tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňelýär. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň töweregindäki baýyrlaryň bagy-bossanlyga bürenip oturyşy göwünlere ganat berýär. Sähralyklarda Garagumuň şertlerine laýyk gelýän sazak, gandym, çerkez ýaly gyrymsy agaçlar ekilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ekmek üçin saýlanylyp alynýan baglar ilki ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we daşky gurşawa oňyn täsir edýän baglara aýratyn üns berilýär. Gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär.
Şeýle sogaply işleriň yzygiderli dowam etdirilmegi, millionlarça agaç nahallarynyň ekilmegi diňe bir tebigatyň däl, eýsem, ynsan saglygynyň hem aladasydyr. Ine, geçen ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalynyň ekilendigini göz öňüne getireniňde-de, bu sogaply işleriň nesilleri tebigata bolan söýgi bilen terbiýelemegiň özboluşly mekdebidigi baradaky pikir seriňe dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen her ýylda badalga berilýän bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden ajaýyp döwletinde ýazlary gözelleşdirýän görkana baglaryň hatary barha artyp, ömürlere, döwürlere saýa salsyn!
Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.