Habarlar / Metbugat habarlaryndan
Metbugat habarlaryndan
ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE MILLI ÝÖRELGELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär.
ARKADAG ŞÄHERI – GELJEGIŇ ŞÄHERI
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
ÜZÄRLIGIŇ DERMANLYK ÄHMIÝETI
Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda tebigy derman serişdesi hökmünde keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar, ýagny ol ýokary dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege sökelliklerinde, deri sökelliklerinde, ýürek we gan-damar kesellerinde giňden peýdalanylýar. Türkmen halkynyň täze jaýa göçmek, gelin edinmek ýaly milli toý däp-dessurlarynda hem üzärlik tütetmek däbi berjaý edilýär.
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÖSÜŞLERIŇ GIREWI
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine ähmiýet berýär. Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
TUTUŞ ADAMZADYŇ BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN ÝÖRELGELER
Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi kepillendirýän başlangyçlary öňe sürüp, halkara abraýyny berkidip, Ýer ýüzündäki döwletler we halklar bilen hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Bu günki günde ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde giňden goldanylýar, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly wagyz edilýär.
BITARAPLYGYŇ TÜRKMEN NUSGASY
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesi dabaralanýar
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
SANLY BILIM ULGAMY– BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
SANLY BILIM — BELENT ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY
Gün-günden ösüşlere beslenýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABYDYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.