SANLY BILIM — BELENT ÖSÜŞLERIŇ BADALGASY

27-12-25

Gün-günden ösüşlere beslenýän Türkmenistan Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär.

Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly
elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär. Döwletimiziň ýaşlarynyň ylym-bilim derejesiniň ilerlemegine mümkinçilik berýär.

Çünki Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülikleýin işleri ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Munuň özi Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky giň gerimli halkara işiniň diňe bir ugrudyr. Bilim ulgamyny mähriban halkymyzyň aň-paýhas, döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrmaga ugrukdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgerek BEGALIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.