ÜZÄRLIGIŇ DERMANLYK ÄHMIÝETI
05-01-26
Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda tebigy derman serişdesi hökmünde keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar, ýagny ol ýokary dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege sökelliklerinde, deri sökelliklerinde, ýürek we gan-damar kesellerinde giňden peýdalanylýar. Türkmen halkynyň täze jaýa göçmek, gelin edinmek ýaly milli toý däp-dessurlarynda hem üzärlik tütetmek däbi berjaý edilýär. Her bir öýde bir desse üzärlik saklanýar, sebäbi il arasynda üzärlik oty mukaddes ösümlik hasaplanylýar. Bu ösümlik ähli howplaryň hem-de betbagtçylyklaryň, keselleriň öňüne böwet bolýar, birnäçe ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni alýar we öýüň howasyny tämizläp durýar. Bu maksat üçin üzärligiň tüssesi peýdalanylýar. Häzirki zaman ylmy tarapyndan bu gadymy usulyň örän netijeli häsiýete eýedigi tassyklanyldy.
Dürli halklarda dürli at bilen meşhur bolan üzärligiň tüssesi adamyň saglygy üçin howply bakteriýalaryň öňüni alýar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde hem bu ösümligiň ady: “ýüzärlik”, “üzärlik”, “zaldirk”, “täteltgi”, “iswent”, “adraspan” ýaly görnüşde atlandyrylyp, ol gadym wagtlardan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylyp gelinýär.
Bu ösümlik barada gadymy “Awestada” hem ýatlanylyp geçilýär (biziň eýýamymyzdan öňki VII-V asyrlar), onuň melhemlik häsiýetleri barada gadymy grek alymlary ýazyp geçipdirler. Merkezi Aziýada ýaşap geçen tanymal lukmanlar Abu Ali Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýan kitaby” we Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” atly eserlerinde hem bu ösümlik barada gymmatly maglumatlara duş gelmek bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda bellenip geçilişi ýaly, üzärlik Türkmenistanyň çäginde bitýän güýçli hem-de täsirli dermanlyk ösümligidir. Bu gymmatly kitapda beýan edilişine görä, üzärligiň güýçli dermanlyk häsiýetiniň bolmagy onuň düzüminde dürli alkoloidleriň bardygy bilen düşündirilýär. Bu ösümligiň otunda 1,5-3 %-e çenli alkoloid (takmynan, 60 % peganin), kökünde 2-2,7 %-e çenli alkoloidler (esasysy — garmin, şeýle hem wazisin we wazisinon), tohumynda bolsa 3,5-6 %-e çenli alkoloidler (onuň 60 %-i garmalin, 30 %-i garmin, az mukdarda garmalol, peganin hem dezoksiwazisinon) saklanýar. Şeýle hem üzärligiň tohumynda boýag maddalary we 14,25 %-e çenli ýag bardyr.
Lukmançylykda üzärligiň oty (ösümligiň ýerüsti bölegi) we onuň tohumy giňden peýdalanylýar. Üzärligiň oty aprel-maý aýlarynda ýygnalyp, adaty usulda guradylýar. Ony kagyz ýa-da mata haltada 1-2 ýyl saklamak bolýar.
Üzärlik ýiti respirator ýokanç kesellerinde, dürli nerw dartgynlyklarynda örän gowy täsir edýär. Bitmeýän ýaralarda üzärligiň jöwheri bilen ýuwmak ýaranyň tiz bitmegine getirýär. Ýurdumyzyň şypahanalarynyň ählisinde diýen ýaly üzärlikden ýörite taýýarlanylýan wannalar hem näsaglara örän uly peýdasyny getirýär.
Türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy, ýurdumyzda alnyp barylýan sagdyn durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.