BITARAPLYGYŇ TÜRKMEN NUSGASY
21-11-25
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Şondan bäri 12-nji dekabrda diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem tutuş Ýer togalagynda Bitaraplyk güni ruhubelent ýagdaýda bellenilip geçilýär. Munuň özi Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň Zemin içre özboluşly goldaw tapmasy we dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplygyň biziň halkymyza beren egsilmez bagty barada bu gün ýene bir gezek pikir öwürmek örän ýerliklidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sözüň doly manysynda özboluşly nusgawy häsiýete eýedir. Öz döwründe Şweýsariýa, Belgiýa, Awstriýa ýaly döwletler Bitaraplyk derejesine eýe bolupdylar. Ýöne olaryň bu derejä eýe bolmaklary sebitiň döwletleriniň şol döwürlerde alyp baran syýasatlarynyň netijesinde emele gelen taryhy ýagdaý bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Bitaraplyk derejesiniň dürli-dürli görnüşleri bolup, olaryň hersiniň many-mazmuny aýratyn özboluşlydyr. Mysal üçin, Şweýsariýa bilen Awstriýa berlen Bitaraplyk derejesi hemişelik häsiýete eýedir. Şwesiýa berlen Bitaraplyk derejesi bolsa, uzak möhleti öz içine alýan şertnamalaýyn, adaty mazmunlydyr. Ikinji jahan urşundan soň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwletleriň emele gelmegi bolsa pozitiw, ýagny harby we syýasy bileleşiklere goşulmazlyk syýasatyny alyp barmak bilen baglanyşykly häsiýete eýedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy diňe bir sebitiň döwletleriniň goldamagy esasynda däl-de, eýsem BMG-niň agza döwletleriniň 193-siniň biragyzdan goldamagy bilen baglanyşyklydygy üçin, özboluşly nusgawy häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Gadymy Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerleşen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Merkezi Aziýa döwletleri üçin däl, eýsem Zeminiň dürli yklymlarynyň ýurtlary üçin hem örän peýdalydyr. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynda Türkmenistana Bitarap döwlet hökmünde uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi häzirki wagtda dünýän döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda, daşary strategiýany durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe boldy .
Halkymyzyň taryhy-medeini mirasyny gorap saklamak we giňden wagyz etmek, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň başlagyçlary Milletler Birleleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan etmek hakynda Karanamany kabul etdi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň umumadamzadyň bähbidine göükdirlen syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Halkymyzyň eşretli şu güni, sanly we şuglaly ertiri hakda bimöçber aladalaryň edilýan döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol ýörelge edinip, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak islegi her bir raýatyň kalbyny gurşap alýar. Goý, ýurdumyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Selbinýaz ÝAZJANOWA,
Seyitnazar Seydi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.