ARKADAG ŞÄHERI – GELJEGIŇ ŞÄHERI
05-11-25
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylandygyny göz öňünde tutsak, onda munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzda zehinli, giň gözýetimli, sowatly we ukyply türkmenistanlylaryň täze ýaş nesliniň dörändiginden habar berýär. Bu nesil döwür bilen aýakdaş gitmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmäge, ykdysady pudaklary ýokary tehnologiýalar bilen dolandyrmaga ukyply nesildir. Munuň özi döwrüň talabydyr, kuwwatly döwlet bolmagyň, öňe okgunly hereket etmegiň esasy şertidir. Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine “ýaşlar şäheri” diýilmegi kanunalaýyk we tebigy ýagdaýdyr.
Bu adalga ýaşlaryň diňe şäheri gurmaga gatnaşandyklary bilen bagly däldir, ol ýaşlaryň şähere siňdiren zähmeti, ukyby, zehini bilen çäklenmeýär. Arkadag şäherinde ýaşajak, zähmet çekjek, bilim aljak, hünär öwrenjek - ösüp-örňejek ilat, esasan, ýaşlardyr. Arkadag şäheri geljegiň şäheridir. Geljek bolsa, elbetde, ýaşlardyr. Ýurdumyzyň geljegini häzirki ýaşlar, onda-da sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, bilimli ýaşlar kesgitleýär. Geljekki nesil hakynda alada ertirki güne iň ygtybarly garaýyşdyr, akylly-başly ýoldur. Şonuň üçin Arkadag şäheri, sözüň göni we doly manysynda, hakykatdan hem ýaşlar şäheridir. Ýaş türkmenistanlylar şeýle belent ada, derejä we hormata mynasyp bolandyklaryna, bu ajaýyp şäheri gurmaga gatnaşandyklaryna çäksiz buýsanýarlar hem-de ynama wepaly bolmagy özlerine mukaddes borç hasaplaýarlar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň giň möçberli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň we belent maksatlara tarap ynamly gadamlaryň döwri hökmünde häzirki zaman türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanda täze şäherler, obalar, etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar. Bu gurluşyklar döwrüň talaplaryna laýyk alnyp barylmak bilen, olarda, esasan, ýaşlar zähmet çekýärler. Ýaşlaryň iş tejribeleri döwrebap durmuş-medeni we senagat desgalarynda giňden ulanylýar. Bu belent ynam ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini, halal zähmete yhlasyny, döredijilik ylhamyny artdyrýar, durmuşyna aýratyn joşgun, öwüşgin çaýýar.
Umuman, ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir taslamalarda, öňe sürülýän başlangyçlarda ýaşlaryň bähbitleri, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary baradaky wezipelere aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň üçin ýaşlara ähli zerur şertler döredilýär. Arkadag şäheri ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini, döredijilik ukyplaryny, pikirlenmek başarnyklaryny iş ýüzünde doly açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Ýaşlaryň bu üstünligi, elbetde, olar üçin döredilýän giň gerimli şertler bilen baglydyr. Watanymyzyň şanyna mundan beýläk-de şan goşmak, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna mynasyp bolmak üçin ýaşlaryň okuwa we işe yhlasy uly. Bu bolsa esasy ugurlaryň biridir.
Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerine dahylly bolmakdan, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmakdan uly bagt ýok. Türkmenistany mundan beýläk-de durnukly, okgunly we hemmetaraplaýyn ösdürmekde bilimli, zehinli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde ýaşlaryň tutýan ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär, ýaşlar meselesi döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýaşlara uly ynam bildirip, döwlet ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredýän we türkmen ýaşlaryna durmuşda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, aýdyň maksatly beýik işleri uly rowaçlyklara beslensin!
Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.