Abu Aly Ibn Sina – görnükli alym we lukman
05-11-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz, alymlarymyz, şahyrlarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukmany Abu Aly Ibn Sina hem şöhratly taryhymyzyň ady belli şahsyýetlerinden biridir.
Orta asyr Gündogarynyň beýik akyldary, lukman Abu Aly Ibn Sina (980-1037) Günbatarda Awisenna ady bilen bellidir. Ol çagalygyndan diýseň zehinli bolupdyr, on ýaşlarynda Gurhany erkin okap bilipdir. Ibn Sina Buharada bilim alyp, şol ýerde hem lukman bolup işe başlapdyr. Ol ylmyň 12 ugrundan ýeterlik sowat alyp, uly derejelere ýetipdir, esasan, tebigat ylymlaryna, lukmançylyga uly üns beripdir. Abu Aly ibn Sina 1002-nji ýylda Buharadan Gürgenje (Köneürgenje) göçüp gelipdir. Bu ýerde ol dünýä meşhur eserlerini döredipdir. “Paýhaslar öýi” adyny alan Mamunyň akademiýasynda okap, bilimini artdyrypdyr, köşk emeldarlarynyň maslahatçysy bolup işläpdir.
Ol 22 ýaşynda Buhara göçüp baryp, Gündogaryň beýik alymlary, danalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ibn Sina belli alym Abu Reýhan Biruni bilen hem ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Gaznaly soltany Mahmydyň yzarlamalaryndan gaçyp Ibn Sina sergezdan durmuşy alyp barmaga, Horezmde, Horasanda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Alym ömrüniň ahyrky ýyllaryny Yspyhanda geçiripdir we bu ýerde 58 ýaşyndaka kolit keseli bilen hassalanyp aradan çykypdyr.
Ibn Sina alym hökmünde ylmyň şol döwürdäki ýörgünli ugurlarynda: pelsepede, mantykda, fizikada, müneçjimlikde, psihologiýada, himiýada, matematikada, etikada, edebiýatda we dil biliminde uly üstünliklere ýetipdir. Emma ol özüniň, esasan, lukmançylyga bagyşlanan traktatlary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Taryhy çeşmelere görä, Abu Aly Ibn Sina lukmançylyga degişli 450 sany kitap ýazyp, biziň günlerimize olardan 240 töwereklisi gelip ýetipdir.
Ibn Sinanyň esasy eseri - “Tebipçilik ylmynyň kanuny” diýen köp jiltli işidir. Alym bu eserini ýazmaga ömrüniň 20 ýylyny bagyşlapdyr. Onuň bäş kitapdan durýan bu ylmy işi 500 ýyllap bütin Gündogaryň we Günbataryň lukmanlarynyň ýankitaby bolup hyzmat edipdir. Ibn Sina bu kitabynda ýüregiň urşunyň dürli görnüşlerini jikme-jik ýazyp beýan edipdir. Ol hatda bejermesi kyn bolan meningit, süýji keseli, plewrit ýaly keseller barada, adamyň görejiniň hirurgiýasynda zenan saçynyň taryny, göni içegäniň operasiýasynda doňuz tüýüni tikin üçin peýdalanmak, mal derisini kateter hökmünde ulanmak barada ýazypdyr. Ol degna keselleriniň görnüşlerini ýazanynda, olary beýniniň keselleri (tutgaý, çişler) we degnanyň keselleri (ysmaz, guruşma) diýen toparlara bölüpdir.
Görnükli alym hem-de lukman işiniň agdykdygyna garamazdan, wagt tapsa, atly gezelenç etmegi halaýan eken. Günlerde bir gün ol kitap okap, halys ýadapdyr. Az-kem dynç almak üçin dostlary bilen atly awa gidipdir. Aw wagtynda onuň ýakyn dostlarynyň biri Salyh diýen bir ýaş ýigit atdan ýykylyp, özünden gidipdir. Ibn Sina Salyhyň aýagynyň we çanaklygynyň çykandygyny anyklapdyr. Ol gumdaky alakalaryň birini tutup getirmekligi tabşyrypdyr. Alakanyň aýagyny çykaryp, ýene-de ýerine salyp görüpdir. Onsoň ýanyndakylara garap:
- Salyhyň münen atyny beýleki atlardan aýratyn goýuň! Oňa suw bermäň, azyrak duz goşulan arpa berseňiz bolar, biz diňe atyň kömegi bilen Salyhyň aýagyny bejerip bileris - diýipdir. Ibn Sinanyň oýlap tapan usuly hatarly ekeni, emma Salyhyň atasy oglunyň agyr ýagdaýa düşenini görüp, muňa razy bolupdyr. Ir bilen Ibn Sina Salyhy turuzmagy we ata mündürmegi haýyş edipdir. Salyh ata münensoň, onuň aýagyny suwsuzlykdan ýaňa garny içine çekilen atyň garnyna daňypdyr we ata suw bermegi buýrupdyr. Ysgyndan gaçyp, sütüni süýnen at köp suw içip başlapdyr. Atyň garny kem-kemden ulalypdyr. Atyň iki gapdaly hem kem-kemden çişip, Salyhyň aýagyny, çanaklygyny ýerine salypdyr. Dostlary Ibn Sinanany bu uly üstünligi bilen gutlapdyrlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata Watanymyzy gülledip ösdürýän, mähriban halkymyzy zähmet ýeňişlerine ýetirýän, ýaş neslimizi milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek üçin zerur şertleri döredýän, milli mirasymyzy, görnükli şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.