Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy

10-11-25

Ýurdumyz dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy we parahatçylygy ugur edinýän başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekýär. Başlangyçlaryň gyzgyn goldawa eýe bolmagy, döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Bu bolsa belent hormatdyr we ykrarnamadyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň örän oýlanyşykly daşary syýasat ugry oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak arkaly, işjeň durmuşa geçirilýär. Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe gazanan Türkmenistanyň  halkara hyzmatdaşlygynyň  kuwwaty bu günki günde  barha artýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy parahatçylyk, dostluk-doganlyk, birek-birege raýdaşlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk we oňyn bitaraplyk ýörelgeleri türkmen diplomatiýasynyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugrunyň esaslaryny düzýär. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýy barha artýar. Dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyz açyk gepleşikleri alyp barýan, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge we bar bolan meseleleri oňyn çözmäge jogapkärçilikli we ygtybarly çemeleşýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, ençeme döwletler, köp sanly halkara guramalary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry. Hut şu taryhy seneden türkmen taryhynda täze tapgyr — Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasynda berkidilen Bitaraplyk döwri badalga aldy. Garaşsyz Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Hut şu esasda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi, dünýä giňişliginde Watanymyzyň at-abraýyny barha belende galdyrdy. Döwlet baýdagymyzdan orun alan zeýtun baldajyklarynyň şekli hemişelik Bitaraplyk derejesiniň alamatydyr. Bu şekil uzak taryhy döwürden bäri parahatçylygyň alamaty hasaplanýar.

Ýurdumyz sebitde jedelli meseleleri parahatçylyk ýollar arkaly çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli işleri alyp baryp, bu ugurda türkmen tejribesine eýe bolan ýurt hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi, Bitarap Watanymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki abraýyny barha belende galdyrýar. Alym Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”  atly ajaýyp eserindäki garaýyşlaryna ser salsaň,  parahatçylygyň iňňän uly gymmatlykdygyna düşünýärsiň: “Iň uly baýlyk — parahatçylyk. Mal-mülk tapylar, agzybir, asuda ýaşaýşyň bahasy ýokdur. Ýok bolan zadyň öwezini dolup bolmaýar. Parahatçylyk aýalmasa, berbatlyk bolýar. Onuň öwezini asyrlar aşanyndan soňam, dolmak öte kyndyr” diýlip bellenilýär.

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.

Bitaraplyk ýyllarynda ýurdumyz özüniň daşary syýasatynda ählumumy parahatçylyk we abadançylyk maksatlaryny dünýä aýan etmekde alyp barýan tutumly işleriniň depginini ýokarlandyrdy. Başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiliginde giň seslenme döretmegi we belent ykrarnama eýe bolmagy ýurdumyza bildirilýän ynamyň we hormatyň aýdyň güwänamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy, onuň merkezi paýtagty Aşgabat bolsa, şeýle asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun alan parahatçylyk söýüjilik merkezi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ak mermere beslenen paýtagtymyz bütin adamzadyň parahat we howpsuz durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilen asylly işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan şäher hökmünde sebitde we älem giňişliginde ählumumy oňyn maksatlara ýetmegiň we ony üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda parahatçylyk merkezine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat halkara maslahatlary we  forumlary yzygiderli geçirýär. Şeýle oňyn netijeleri bu günki günde ähli ugurlarda görýäris. Ýekeje mysal, sport ählumumy dostlugy we parahatçylygy, özara agzybirligi ugur edinip, halklary we milletleriň özara gatnaşyklarynda dostlugy, birek-birege raýdaşlygy berkidýär. Aşgabat bolsa, şeýle oňyn maksatlary durmuşa geçirmekde sebitde we dünýäde uly abraýa eýe boldy.

Milli Liderimiziň öne süren bu başlangyjynyň iş yüzünde durmuşa geçirilmegi gapma-garşylygy peseltmek, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomtik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ösdürmek we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, ýola goýulýan halkara gatnaşyklara kuwwatly itergi berer. Türkmenistanyň Bitaraplygy-munuň özi häzirki döwrüň we biziň geljegimiziň şamçyrag ýaly anyk ugur görkeziji bolup duryar. Onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak, döwletimizde yaş nesiller üçın döredilýän giň mümkinçilikler, eziz Watanymyzyň geljekki ösüșini üpjün etmekde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýysly, ýokary medeniyetli sagdyn nesli kemala getirmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, yaşlarda Garaşsyz, hemişelik Birarap döwletimize beyik buýsanjy we çuňňur söygüni ösdürmek maksady bilen, bizin institutymyzda hem Bitaraplyk derejesinin Diyarymyzyň gülläp ösmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda eyeleýän orny barada giň düşündiriş we wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünli dowam etdirýän daşary syýasat taglymaty türkmen Bitaraplygyň nusgasy hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edilýär.

Şeker BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyn Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň müdiri.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.