GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
08-12-23
Köňülleriň penasyna, dillerimiziň senasyna öwrülen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygy golaýladygyça, döredijilik işgärleriniň ýakymly aladalary barha artýar. Bu şanly senäni mynasyp sowgatlar bilen garşylamak – ähli watandaşlarymyz üçin uly bagt, belent mertebe.
Ýöne, bu uly toý, şanly sene döredijilik işgärleriniň öňünde has-da uly borçlary, täze wezipeleri goýýar. Sebäbi, şahyrlar öz ylham dünýäsinden gaýnap çykýan goşgulary, poemalary, odalary bilen Gahryman Arkadagymyzyň belent pähim-paýhasyndan täze many-mazmuna beslenen hemişelik Bitaraplygymyzy wasp etmegi maksat edinýärler. Ýurdumyzyň aýdymçylary, bagşylary, kompozitorlary täze aýdym-sazlary döretmegiň arzuwynda. Teatr işgärleri, artistler, režissýorlar hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan dost-doganlyk, hoşniýetlilik, agzybirlik hakynda täze sahna eserlerini, teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlary halka ýetirmegiň aladasynda. Suratkeşler, zergärler, heýkeltaraşlar bolsa, şekillendiriş sungatynda Bitaraplygymyzy çeper wasp etmek üçin, täze eserleri döretmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Taryhyň islendik döwrüni alanyňda-da, halkymyzyň hoşniýetli ýörelgelere eýerendigine şaýat bolýarsyň. Bu ýörelgeler, däp-dessurlar bolsa Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzmek bilen, daşary syýasatymyzda öz beýanyny tapýar.
Muhammet HYDYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.