GOŇŞY ÝURDUNA GAÝYBANA SYÝAHAT

27-10-23

Türkiýe Respublikasy — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

Türkiýe, Ermenistan, Azarbeýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Ýunanystan, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.

Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.

Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda" Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.

Türkiýeniň territoriýasy ýerasty magdanlara baýdyr. Ýurtda altyn, kümüş, mis, boksit, wolfram, simap, demir, marganes, daş we goňur kömür, nebitdir gaz çykarylýar. Hromitiň gorunyň çykarylmagy we eksport edilmegi, wolframyň we sürmäniň gory boýunça Türkiye dünýäde birinji orunlaryň birini eýeleýär. Bu ýerde bütin günorta-gündogar Aziýa boýunça daş we goňur kömrüň iň iri ýataklary bar. Himiki çig mal we tebigy gurluşyk materiallar hem köp dürlüligi bilen tapawutlanýar.

Türk aşhanasy hytaý we fransuz aşhanalary ýaly dünýäniň iň meşhur hem baý aşhanalarynyň biridir. Geografiki ýerleşişi we gadymy taryhy ýurduň aşhanasynyň baý bolmagyna öz goşandyny goşupdyr. Türk aşhanasy Mesopotamiýa we Balkan aşhanasyndan hem täsirlenipdir. Osman imperiýasynyň aşhanasy bolsa türk aşhanasynyň esasyny düzýär. Osman imperiýasynyň aşhanasynda dürli hilli çorbalar, zeýtun ýagyna ýatyrylan gök önümler, etli naharlar, balyk, börek we süýji tagamlar taýýarlanylýardy. Şeýle hem ýurduň her taýpasynyň we obasynyň özüne mahsus tagamlary hem bar.

Bahargül  BEGMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institunyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.