SPORT PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISIDIR
03-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýe we sport halkymyzyň gujur-gaýratyny, gözelligini hem-de sagdynlygyny özünde jemleýän durmuşymyzyň bezegine, ruhubelentligimiziň we beden taýdan kämilligimiziň nyşanyna, halklary dostluga, doganlyga çagyryjy şygara öwrülýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň durmuş ýörelgesi hem-de göreldesi biziň her bizimiz üçin nusga alarlyk ajaýyp mekdepdir.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, Bilim ministrligi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permanyň hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan sport diplomatiýasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän, sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan we ynsanlara sagdyn, bagtyýar durmuşy peşgeş berýän taglymatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport we Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, “Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek” şeýle-de “Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini işini bes eden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek” hakynda karara gol çekilmegi ähli halkymyzyň şatlygyny has-da goşalandyrdy.
Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde iň iri sport toplumynyň — Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň bu ulgamda dünýä derejesindäki belentliklere tarap ösüşiniň aýdyň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen bina edilen sebitiň iň iri sport şäherçesiniň birbada birnäçe ugurlar boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi her bir türkmenistanlynyň belent başyny gök diretdi. Has takygy, Olimpiýa şäherçesindäki stadionyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Olimpiýa şäherçesiniň sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirkizaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Saglyk, ruhubelentlik, gözellik paýlaýan sport halklary dostluga, doganlyga, çagyrýan güýçdür. Halklaryň arasynda dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde sportuň ähmiýeti uludyr. Çünki sport dünýä halklarynyň dostlaşmagyna, birek-birege ynanyşmagyna oňaýly täsir edýän gudrata eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda sport parahatçylygyň ilçisidir. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz Diýarymyzyň dünýäniň iri sport merkezine öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde uly ykrarnama eýe bolan döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijeleridir.
Halkymyzyň eşretli ýaşamagy, oba-şäherlerimiziň döwrebap we zamanabap ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Aýgözel ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.