Päk arzuwlar – ýaş kalplaryň hemrasy

05-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň bilim almagy, hünär edinmegi, zähmet çekmegi, dynç almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdigini, üstünlikleriň binýadydygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklap gelýär.  Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Ýokary okuw mekdeplerimizde okuwyň öňdebaryjy we döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, ders otaglarynyň häzirkizaman tehniki serişdeler we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilmegi, okatmagyň interaktiw usulynyň, multimediýa ýaly täzeçil ýollarynyň girizilmegi biziň ýurdumyzda ylym öwrenýän ýaş nesliň tebigy zehininiň taplanmagy üçin ähli şertler üpjün edilýändiginiň alamatydyr.  Türkmenistanly ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi  daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolýarlar. Bu bolsa ylmyň we hünäriň  dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejelerini  özleşdirmäge, adamzadyň iň häzirkizaman medeni gymmatlyklary ele almaga  höwesek ýaşlarymyzyň kalbynda geljege ynam we ruhubelentlik döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen soňky döwürde geçiren duşuşyklarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde döwletimiziň ýaşlar syýasatyna has netijeli goşant goşmaga, hususanam ýaşlarymyza döwrebap ylym-bilim bermek, olary telekeçilik pudagyna giňden çekmek, ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmek, olaryň kalbynda watançylyk duýgularyny terbiýelemek ýaly wezipeleri  goýdy. Çünki ýurdumyzyň geljekdäki tutuş ykbaly, Garaşsyz Watanymyzyň hemişe rowaçlyk içinde gülläp ösmegi, uzak möhletleýin maksatlarymyzyň amala aşmagy  ylym-bilimli, sagdyn, döwrebap, watançy ýaşlara baglydyr. Bu – ýaşlaryň giň köpçüliginiň ýurdumyzda giň ýaýbaňlanýan telekeçilik işine goşulmagydyr. Bu – ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň dünýä derejesinde ylym-bilime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ykdysadyýet ulgamyna geçirmek işini çaltlandyrmaga ýardam bermegidir. Bu – ýaş türgenlerimiziň, ylym, edebiýat we sungat işgärlerimiziň täze nesliniň öz yhasy we gujury bilen ýurdumyzy dünýä tanadyp, ýaşyl Tugumyzyň mertebesini hasam belende götermegidir.

Ýurdumyzyň ýakyn geljek taryhynda hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde ýaşlarymyza ägirt uly işler garaşýar. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň elmydama ündew edişi ýaly, XXI asyrda bize giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik durmuşynyň ýeten derejelerinden habarly ökde hünärmenler, ösen şahsyýetler zerur.     

Öz yhlasy we ynam-hünär kämilligi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ynama we hoşallyga ýugrulan sözlerine mynasyp bolmak – türkmen ýaşlary üçin iň ýokary buýsançdyr. Bu türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky, olaryň döwrebap bilim derejesi baradaky atalyk aladasyna jogabydyr. Aýratynam ata-babalarymyzdan gelýän halallyk,  edeplilik, maşgala  ojagyna  wepalylyk ýaly arassa ahlak sypatlary biziň ýaşlarymyza mahsus aýrylmaz gymmatlyklar bolmalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlar syýasatynda anyk wezipeleri öňde goýmagy bilen baglylykda jemgyýetçilik guramalary hökmünde üstümizdäki ýyl üçin çärelerimiziň meýilnamasyny hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýaşlar bilen geçiriljek medeni-köpçülik, wagyz-ündew, sport-bedenterbiýe çäreleriniň hasabyna hasam baýlaşdyrmak bilen, ýaşlar bilen işimizi has täsirli guramaga çalyşýarys. Ýaş ýigitleriň we gyzlaryň kalbynda watançylyk duýgularyny terbiýelemek, şeýle hem olara mukaddes maşgala gymmatlyklaryny, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini öwüt-ündew etmek meselelerinde, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallaryny birleşdirip, işlerimizi utgaşykly alyp barýarys.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlary hasyl bolup, berkarar ýurdumyz bagtyýar raýatlaryň, sagdyn we ruhubelent nesilleriň Diýaryna öwrülsin! Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.