ÝAŞ HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK UGRUNDA

05-05-25

Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag kommunikasiýa pudagynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň öz saýlap alan hünärlerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär. Döwlet ähmiýetli taslamalary ýerine ýetirmek üçin, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň ählisini durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy örän wajypdyr. Ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurduň ösüşini täze basgançaklara çykarmaga uly itergi berýär. Institutyň professor-mugallymlary talyplaryň saýlap alan ugurlaryndan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagalla edýärler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwleti dolandyrmak, ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda sanly ykdysadyýete, täze tehnologiýalara uly orun berilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi gönüden-göni täsir edýär, şunlukda, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti artýar. Ýokary okuw mekdebimiziň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdebimiziň esasy wezipeleri ýaşlaryň bilimini çuňlaşdyrmakdan we giňeltmekden, düýpli we ylmy-amaly barlaglary guramakdan hem-de geçirmekden, hünärmenleriň we ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakdan ybaratdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde bilim edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hili elektron bilim maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen sanly bilim bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Konsepsiýasyna laýyklykda institutyň çäginde bitewi maglumat tory,sanly bilim portaly, web saýt hereket edýär.

Ýokary okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirildi we bu iş häzirki döwürde hem üstünlikli alynyp barylýar. Ýurdumyda halkara ölçeglerine laýyk gelýän bilim edaralarynyň gurulmagy, olarda sapaklaryň häzirki zaman usulda geçirilmegine mümkinçilik berýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi ýaşlara bilim terbiýe bermek,hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Ýokary okuw meldebimizde ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar.

Häzirki wagtda dünýä tejribesinde uzak aralykdan okuw bilim ulgamy iň öňdebaryjy we köp peýdalanylýan ugurlaryň biridir. Institutda sanly bilim gorlaryny işläp taýýarlamak bilen bir hatarda bilim işine gatnaşyjylaryň tor boýunça özara işleşmegini üpjün etmek uzak aralykdan bilim alamagynyň görnüşlerini öwrenmek we durmuşa geçirmek boýunça işler alynyp barylýar.

Ýokary okuw mekdebimizde gurnalan bilim portaly arkaly mugallymlar okuw işlerine degişli maglumatlary we talyplaryň sapaklara ýetişigini elektron görnüşde hasaba alýarlar. Sanly bilim ulgamynyň çäklerinde internet ulgamynyň mümkinçiliklerine ylymyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleri esasynda teleköpri arkaly uzak aralykdan bilim bermek usuly giňden peýdalanylýar.Bu usulda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri,ylym-bilim merkezleri uzak aralykdan sapaklary,wideoşekilli maslahatlar guralýar. Uzak aralykdan okuw okatmak munuň özi okuw işine degişli ähli düzümleri birleşdirýän sanly ulgam bilen guralarýan okuwyň görnüşidir. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde halypa mugallymlaryň sapaklary teleköpri arkaly uzak aralykdan gurnamak, talyplaryň arasynda dersler boýunça açyk internet bäsleşikleri geçirmek yzgyderli alynyp barylýar. Bu online duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň hemmesini ylmy gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Okatmagyň bu usuly häzirki wagtda dünýäde öran ýörgünli hasap edilýär. Çünki bu usul taraplaryň ählisi üçin tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Umuman, aýdylanda, institutda ýaşlaryň kämil, ylymdan paýly, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri,mugallymlaryň öz hünärlerini kämilleşdirmegi üçin uly şertler döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Institutda okadylýan hünärler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem ýerli dolandyryş edaralaryny sanly ykdysadyýetiň talaplarynda ösüşiň täze giňişliklerine çykarmagy başarýan ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly hyzmatlara eýedir.

Türkmen ýaşlarynyň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň mydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

168944c7c0920f.jpeg
MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI

Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.


1688b17b08b2e3.jpeg
AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.


1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


16890357d5b02b.jpeg
Deňze çykalga — dünýä çykalga

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.