Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň akyldar şahyry
07-05-25
Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr. Akyldar şahyr agzybirlik taglymatyny öňe sürmek bilen, berkarar döwlet gurmak arzuwlaryny beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Geçen ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek baradaky başlangyç ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna şatlyk nuruny çaýdy.
Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, türk, rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbaýjan, täjik, tatar, başgyrt we beýleki halklarda-da, Eýran, Owganystan, Wengriýa, Angliýa ýaly ýurtlarda hem tanalýar. Bu halklaryň dilinde Magtymgulynyň aýry-aýry şygyrlarydyr şygyr diwanlary dürli ýyllarda neşir edildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede, giňden bellenilmegi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar. «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitaby Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezdi.
Goý, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.