SANLY YKDYSADYÝET: ösüşiň innowasion ugry
21-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti bedew bady bilen ösýän Garaşsyz Türkmenistan örän çalt depginler bilen ilerleýän innowasion täzelikleri özleşdirmek arkaly, halk hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek babatda giň tejribe toplady. Häziri wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda degişli ugurda amala aşyrylýan işler üstünlikli dowam etdirilip, döwrebap çözgütler kabul edilýär. Ösüşiň innowasion ugry bolan sanly ulgamyň ösdürilmegi bolsa, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamlarda ýokary netijeleriň gazanylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň durnukly we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine mümkinçilik berýär.
Häzirki günde Diýarymyzda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu Konsepsiýasyda halk hojalygyna we durmuşumyzyň ähli ugurlaryna döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem onuň çäklerinde «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşinde döwlet hyzmatlar portaly döredilip, onda döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz milli ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanýan täze guralyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine we ählumumy meýillere işjeň goşulmagyny nazara alyp, durmuş ulgamyny nazarlaýan çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we umumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegine, döwletimiziň maliýe pudagynyň, salgyt-býujet we baha syýasatynyň kämilleşdirilmegine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berilýär.
Bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürligi dolandyrmagy kämilleşdirmek, türkmen banklarynyň maýalaryny artdyrmak we olary hususylaşdyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bu ulgamda sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli alnyp barylýar we onuň programma üpjünçiligi taýýarlanylýar. Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge we degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär. Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, «Elektron täjirçilik» hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda taýýarlanan mobil tölegler üçin programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu bolsa söwda we hyzmatlar ulgamynda töleg terminallarynyň eýeleri üçin müşderilere sanly hyzmatlary ýetirmek üçin nobatdaky mümkinçilikdir.
Türkmenistanda amala aşyrylýan strategik ähmiýetli işleriň depginleri we netijeleri ösüşleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, milli ykdysady özgertmeler, geljegimiz ugrundaky beýik işler rowaçlyklara beslensin.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Annamyrat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.