BILIM — YLYM — ÖNÜMÇILIK
26-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek bilen bagly işleri hemişe üns merkezinde saklap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi ýaşlary ylma çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary, orta hünärment okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine mydama uly üns berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde onuň ylym we önümçilik bilen baglanyşygyny pugtalandyrmak işini ýola goýmagyň esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Şol sebäpli, täze hünärleri girizmek hem-de ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek üçin iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmek hem-de daşary ýurt bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmek, innowasiýa önümçiliklerini öwrenmek üçin ýurdumyzyň hünärmenlerini daşary ýurtlara ibermek we beýleki döwletlerden hünärmenleri çagyrmak zerurdyr. Şunda ýaşlary ylma çekmäge, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işlerini ýaýbaňlandyrmaga hem uly ähmiýet berilýär.
Ýaşlary ylma çekmekde talyplaryň ylmy gurnaklarynyň işini ýola goýmak maksadalaýykdyr. Ylmy gurnaklar degişli kafedralaryň garamagynda döredilip, olaryň esasy wezipeleri hökmünde talyplaryň ylmy taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny, ýaş alymlaryň hünär taýýarlygynyň hiliniň gowulandyrylmagyny, ylmy-döredijilik işjeňligi üçin şertleriň döredilmegini we beýlekileri kesgitlemek mümkin.
Talyplar bu gurnaklaryň işine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Ylmy gurnaklara tejribeli mugallymlar ýolbaşçylyk edýärler. Her täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ylmy gurnaklara höwesjeň talyplar çekilýär. Şondan soň gurnagyň ýyllyk iş meýilnamasy tassyklanýar. Meýilnamada gurnagyň mejlisiniň geçirilýän wagty we ýeri, ara alnyp maslahatlaşyljak temalar, çykyş etjek talyplaryň, olaryň ylmy ýolbaşçylarynyň atlary görkezilýär. Gurnaklarda talyplar ylmy-amaly maslahatlarda çykyş etmäge, şeýle-de dürli ylmy-döredijilik bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk görýärler. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen her ýyl Ylymlar güni mynasybetli geçirýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigi uly ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň binýatlyk ýörelgelerine daýanmak bilen, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okuw we ylmy-amaly işleriň wajyp wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýär. Sazlaşykly ösýän ulag toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamakda uly tejribe toplan ýokary okuw mekdeplerinde kämil hünärmenleri taýýarlamak, talyplara döwrebap usullary we tehnologiýalary ulanyp, bilim bermek, ylma ugrukdyrmak işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag, taslama institutlary hem-de önümçiligi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Ýokary okuw mekdeplerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze basgançagyna çykyldy. Bu ýerde döredilen tehniki hem maglumat enjamlar binýady okuw we terbiýeçilik işlerini, netijeli ylmy barlaglary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär.
Guralýan sapaklaryň mazmuny çuňlaşdyryldy, medeniýeti ýokarlandyryldy. Okuw kitaplarynyň gory elektron göterijilerde yzygiderli artdyrylýar. Ykdysadyýetiň talaplaryna, ulag pudagynda çözülýän wezipelere hem-de dünýäniň ylmy-inženerçilik tejribesine laýyklykda, dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylýandygy bilen baglylykda ony kemala getirjek döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan inžener-tehniki işgärleriň döredijilikli işleriniň zerurlygy ýüze çykýar we bu iş olaryň ylmy-döredijilik ukybynyň düýpgöter ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şeýle hem talyplar sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we tehniki-ykdysady görkezijilerini hasaplamak ýaly temalar boýunça diplom taslamalaryny ýerine ýetirýärler. Bu bolsa talyplaryň — geljekki hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň zerur bolan iş endiklerine eýe bolmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işjeň syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman dünýä tejribesiniň we milli däpleriň esaslarynda ösdürilýär. Munuň şeýledigine institutymyzda döredilen şertler, ornaşdyrylan tehniki we sanly serişdeler, Maglumat tehnologiýa merkezi, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw tejribehanalary, içki lokal tory we «Sanly bilim» portaly, elektron resminama dolanyşygy hem-de internet web-saýty aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga, ylmy-barlag işlerinde netijeliligi gazanmaga, sanly bilim ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, dünýä derejesinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.
Bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde häzirki wagtda talyp deň-duşlarymyz ýurdumyzyň çäklerinde we dünýäde geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda edilýän aladalar bizde ýokary jogapkärçilik duýgusyny oýarýar. Biziň ýüregimizde Watana bolan söýgi, geljege bolan ynam, döretmäge höwes bar. Biz jemgyýetde mynasyp ornuňy tapmak, dünýä ýüzündäki deň-duşlarymyz bilen bäsleşmäge ukyply nesiller bolmak üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanýarys.
Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak türkmen ýaşlarynyň her biriniň mukaddes borjudyr. Ýaşlyk möwsüminde hünär-kär saýlamak, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmek bilen, aýdyň geljegi nazarlaýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.