Watanyň guwanjy, geljegi ýaşlar

07-05-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriň derejesine ýetirmekde, döwletimiziň dünýä ýüzünde gazanan abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda Watanymyzyň ýaşlaryna hem uly orun degişlidir. Bu babatda Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin has oňaýly şertleri döretmäge we olaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge esasy binýat bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ýaş nesillerimiz baradaky alada hem öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz baradaky aladany elmydama üns merkezinde saklaýar. Olara döwrebap bilim, terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalar baş wezipeleriň biri bolup durýar. Sebäbi şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar.

Elbetde, belent ynam, döwlet derejesindäki uly alada her bir ýaş oglan-gyzy döwrüň mynasyp nesli bolup ýetişmäge borçly edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde ylym-bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giňeldilýär. Hususan-da, ylym-bilime höwesi artdyrmak ýaşlar baradaky syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçinem okuwa kabul edilýän talyplaryň sany ýylba-ýyldan artýar, ýokary okuw mekdeplerinde täze-täze hünär ugurlary açylýar. Talyp ýaşlarymyz ylmy-döredijilik işine giňden çekilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag institutlary bilen sazlaşykly işi ýola goýlup, ýaş alymlaryň kemala gelmegini, olaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmegini gazanmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky ýadawsyz aladasyny ýaşlar her ädimde duýýarlar. Ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmaga, olaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşini gazanmaga, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, adamkärçilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly nusgalyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekleri üçin şert döretmäge gönükdirilen işler ýaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Şonuň üçinem olar Watana wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Hawa, bu gün ýaşlaryň öňünde täze wezipeler durýar. Yhlasly okap, ylym-bilimleri başarnykly ele almak, döredijilik we sport bilen meşgullanyp, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmek, zähmeti söýmek, özüňde raýat jogapkärçiligini terbiýeläp, şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlar bilen çykyş edip durmak, jemgyýetçilik birleşiklerine işjeň gatnaşmak, halallygy we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy baş ýörelgäňe öwürmek şol wezipeleriň esasyny düzýär. 

Biz hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky bimöçber aladalaryna jogap edip, öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmäge bolan yhlasymyzy gaýgyrmarys. Öz saýlap alan hünärimizi geljekde ak ýürekden ýerine ýetirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly bolarys. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.