TÜRKMEN BEDEWLERI — MILLI BUÝSANJYMYZ

07-05-25

Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar.

Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdeleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir. Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup atyňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.

Atlaryň döreýişi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenilişi, ýöreýiş görnüşleri, hassalyklary, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr-emleriň atlary, taýýarlanylyşy  we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklary öz içine alan, şeýle hem bedewiň bezeg şaý-esbaplary barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatly orta asyr ylmy-edebi miraslarymyz bolan çeşmelerden halk arasynda gadymy döwürlerden bäri atçylyk hünärine uly üns berlendigine göz ýetirýäris.Türk­me­niň uçar ga­na­ty — ahal­te­ke be­dew­le­ri özüniň gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdyp, häzirki güne çenli şan-şöhratyny elden bermän gelýär. Halkymyzyň bedew atyna bolan söýgüsi çäksizdir. Ahalteke bedewleri has gadymy döwürlerden bäri deňsiz-taýsyz gözelligi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy bilen dünýäni haýran edýär.

Meşhur ahalteke atlarynyň eýesine wepalylygy, ynsan ýaly syzmagy, syratlylygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen hiç bir at tohumy, hiç wagt bäsleşip bilmändir. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri kämilleşip, atçylyk-seýisçilik hünärine öwrülipdir. Seýisçilik hünäri atlary dürli tälimler arkaly seýislemekden, olaryň ganyny arassa saklamakdan, tohumçylyk-seçgi işini yzygiderli alyp barmakdan, irginsiz kyn zähmetden ybarat. Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir.Hawa, türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde  dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Bedew ata yhlas edip, onuň mertebesini arşa göteren, şanyna dessanlar düzüp, ony altyn-kümüş bilen bezäp bilen halk diňe türkmendir. Bedew at ýaly ynsanyň ruhuna şeýle çuň aralaşyp bilen janly-jandar ýok. Üstüne münen adamyň erkine görä hereket etmek bedewiň möhüm häsiýetidir. 

Gahryman Arkadagymyz özüniň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda “Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar” diýip belleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň eşretli günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny häzirki döwrümizde hem dabaralandyrmaga ähli şertler döredildi. Welaýat merkezlerinde häzirkizaman atçylyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan bedewler hakynda edilýän aladanyň aýdyň kepilnamasydyr.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.